CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 26.07.2023 – 08.08.2023

19:35 01.08.2023 1992

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň “A” blogunyň Gazy gaýtadan işleýiş zawodyndaky (ГПЗ-1) kükürdi granulirleýji desganyň funksiýasyny dikeltmek boýunça №CIT-23063SR belgili tender yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp bilerler: 

  • tendere gatnaşmak üçin arza;
  • kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, hukuk ýagdaýy, kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat. Kompaniýanyň hasaba alyş resminamalarynyň we ygtyýarnamasynyň göçürmesi;
  • soňky üç ýylyň içinde kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat we soňky 3 ýylyň dowamynda sertifikatlaşdyrylan maliýe hasabatlary;
  • şu taslamanyň demir turbageçirijilerini gurnamak bilen baglanyşykly gurluşyk işleri üçin degişli rugsatnama (bu taslamada ulanyljak turbageçirijiler - ýanyjy, partlaýjy suwuklyklary geçiriji turbalar, basyş P≥4,0 МПа);
  • tendere gatnaşyjynyň azyndan kebşirleýiş, rentgenografiki we ultrases işlerini amala aşyrmak, elektrik we gözegçilik ölçeg enjamlaryny işe girizmek boýunça hünärmen guramalar tarapyndan tassyklanan işgärler topary bolmalydyr;
  • esasy ulanylyljak gurluşyk enjamlary tendere gatnaşyjynyň özüniňki bolmaly we şolaryň arasynda azyndan aşakdaky enjamlar bolmaly: kebşirleýiş enjamlary, göteriji enjamlar we ş.m.
  • ýerli kompaniýalar üçinTürkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň şahadatnamasy.

Arzalar bildiriş KHBS-de çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenilen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär. 

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip, ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daş ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we resminamalar barada anyk maglumatlar üçin aşakdaky salga ýüz tutup bilersiňiz: 

  Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3. 

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan.

Telefon belgileri: +993 12 44-54-34, +993-12-445101.

Başga makalalar