Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
08:01 13.08.2023 9835
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.
Myrat Arçaýewiň belleýşi ýaly, şu ýylyň 11-nji awgustynda birnäçe köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň direktory Dmitriý Biriçewskiniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» babatda beýan eden habaryny ýaýratdylar. Onuň belleýşi ýaly, Russiýa «gaz ulgamynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligini» aradan aýyrmaýar hem-de «muňa beýleki döwletleriň hem gyzyklanma bildirýändigini» bilýär.
J-p Biriçewskiniň aýdanlary azyndan birnäçe sowaly ýüze çykarýar. Haýsy «giňeltmek mümkinçilikleri» barada gürrüň barýar, haýsy «beýleki döwletler» oňa gyzyklanma bildirýär we umuman gaz ulgamyndaky «üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň» aňyrsynda nämeler durýar?
— Rus diplomatynyň sözleri bu sowallaryň hiç birine anyk jogap bermeýär. Bu meselede bolsa doly anyklyk we aýdyňlyk zerurdyr, çünki şunda beýleki döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem bähbitleri bardyr – diýi Arçaýew belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan hem-de Hytaý Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy anyk ylalaşylan möçberlerde, möhletlerde, ykdysady we tehniki görkezijilere laýyklykda ibermek boýunça uzak wagtyň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýärler.
Häzirki wagtda «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisiniň üç şahasy hereket edýär. Olar boýunça ýurdumyzyň gündogar we günorta-gündogar ýataklaryndan tebigy gaz iberilýär. Bu şahalaryň üçüsi, olaryň işini üpjün edýän önümçilik kuwwatlyklary hem türkmen we hytaý taraplary –«Türkmengaz» döwlet konserni we Hytaýyň CNPC nebitgaz kompaniýasy tarapyndan bilelikde guruldy.
Häzirki günde bu turbageçiriji boýunça iň iri gaz iberijisi Türkmenistan bolup durýar. Iberilýän gazyň ylalaşylan ýylda 55 milliard kub metr möçberiniň 40 milliard kub metrini ýurdumyz iberýär, galan möçberi bolsa Özbegistan hem-de Gazagystan tarapyndan üpjün edilýär.
Turbageçirijini doldurmak üçin beýleki ýurtlardan gaz çeşmeleri göz öňünde tutulan däldir we «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşyjylaryň düzümini giňeltmek meýilleşdirilmeýär.
Türkmenistan hytaý, özbek we gazak hyzmatdaşlarynyň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirýär we olaryň hem ýerine ýetirjekdigine kanuny esasda bil baglaýar.
Şeýle hem bar bolan infrastrukturany ulanmak arkaly tebigy gazyň iberilmeginiň ylalaşylan we resmileşdirilen möçberleriniň hem-de ugurlarynyň islendik üýtgedilmegi ähli gatnaşyjylar bilen hökman deslapky ylalaşylmagyny talap edýär. Bu babatda Türkmenistan bilen hiç hili geňeşmeler geçirilmedi.
— Şeýle çemeleşme türkmen tarapy üçin düşnüksiz we kabul ederliksizdir hem-de ýurdumyz tarapyndan halkara hukugynyň kadalaryna we gaz ulgamyndaky iş tejribesine laýyk gelmeýär diýlip garalýar – diýip Arçaýew aýtdy.
— Şunuň bilen baglylykda, resmi wekilleriň ýurdumyzyň halkara borçnamalaryna dahylly we olary ýerine ýetirmek babatda beýleki gatnaşyjylaryň arasynda düşnüksizlige getirýän beýannamalary Türkmenistanda çynlakaý ynjalyksyzlyk döredýär.
Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna jogapkärçilikli çemeleşýän döwlet hökmünde, Türkmenistan, halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda energiýa serişdelerini ibermek ýaly, möhüm ulgamdaky hyzmatdaşlygyň açyk we aýdyň ölçegler, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak we ony hasaba almak, gazanylan ylalaşyklary berk berjaý etmek ýörelgeler esasynda ýola goýulmalydygyndan ugur alýar. Daşary ykdysady ýagdaýlaryň üýtgäp durmagy bu ýörelgeleri üýtgetmek üçin sebäp bolup bilmez – diýip «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew belledi.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.