Türkmenistan — Gruziýa awiaýangyjy iň iri iberiji ýurt

13:58 15.08.2023 6441

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/8395/original-164db1be5efd64.jpg

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistan Gruziýa 29,6 müň tonna awiasion ýangyjyny eksport etdi. Business Media Georgia-nyň Gruziýanyň nebit önümlerini import edijileri birleşigine salgylanyp habar bermegine görä, bu 2023-nji ýylyň ýedi aýynda Gruziýanyň awiasion ýangyç importynyň umumy möçberiniň 44,1%-ini eýeleýär.

Geçen döwürde Gruziýa awiasion ýangyjyň importynyň umumy möçberi 67,1 müň tonna deň boldy, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwründäkiden 0,7% azdyr.

Gruziýa awiaýangyjy iberijileriň hatarynda — Azerbaýjan (17,3 müň tonna), Gresiýa (19,3 müň tonna), Türkiýe (6,7 müň tonna), Malta (3,2 müň tonna) bar.

Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Tbiliside türkmen nebit önümleriniň üstaşyr geçirilmegini ýönekeýleşdirmek we olaryň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem türkmen nebit önümlerini import etmek we nebit önümlerini gaýtadan işlemek we olary saklamak bilen bagly bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek hakynda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi.

Başga makalalar
166e5552ae0809.jpg
Hökümet mejlisinde “Türkmengeologiýa” DK-ny täze tehnika bilen üpjün etmek meseleleri maslahatlaşyldy

13-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi diýip, TDH habar berýär.


162285788be115.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


164da6aa25ef62.jpg
Kalplara ornan gözellik

Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mähriban enelerimiziň miras goýan nepis we inçe sungatyny öwrenmek, ösdürmek hem-de kämilleşdirmek, çeper el hünäriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan geçirilen çärä ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, nurana ýüzli gelin-gyzlarymyzdyr mähriban eneler gatnaşdylar.


164db25e77eb3d.jpg
«Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahat öz işini tamamlady

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene – Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.