Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
09:48 20.09.2023 6994
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etdi.
Hususan-da, Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu babatda «birinji Maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygymyzy» beýan etdi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek, «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmek, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmak, azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumyny çagyrmak başlangyçlary bilen çykyş etdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.