Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleri German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyna gatnaşýar
12:39 29.09.2023 7539
Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyna gatnaşýar. diýip, TDH habar berýär.
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Başlygy «Сlaas KgaA GmbH» kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň we paýdarlar komitetiniň Başlygy hanym Katerina Klaas-Mýulhoýzeriň başlyklyk etmeginde geçirilýän duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýarlar.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň maýa goýum babatda özüneçekijiligi hem-de german kompaniýalarynyň sebitde ykdysady taýdan netijeli işlemegi üçin şertleri döretmek meseleleri boýunça pikir alyşýarlar. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň anyk gurallaryny kesgitlemäge, «Merkezi Aziýa + Germaniýa» formatyna gatnaşýan ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň strategik taýdan ähmiýetli pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Türkmenistan we Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişdiler
25-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi. Ylalaşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelmäge ýardam berer. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlarynda gaz pudagyny ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi
Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň GFR-e saparynyň öňüsyrasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde geçiren iş maslahatynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen brifingde ekologiýa we “ýaşyl” energetikanyň ösüşi maslahatlaşyldy
12-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi
10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.