Türkmenistanyň energetika toplumy Dubaýda ADIPEC – 2023 sergisine gatnaşyjylaryň köp sanlysynyň ünsüni çekdi
13:40 03.10.2023 9859
Abu-Dabide ADIPEC – 2023 sergisiniň barşynda Türkmenistanyň energetika toplumy Norwegiýa, Şweýsariýa, BAE, Katar, Azerbaýjan, Hindistan, Pakistan, ABŞ, Kanada we beýleki köpsanly döwletlerden ýüzlerçe kompaniýanyň ünsüni çekdi. Türkmen energetika toplumyna gyzyklanma bildiren iri halkara kompaniýalarynyň hatarynda - Sinopec, Rime, CGG, EGS, Xiat, ICA-Finance, S&P Global we beýlekiler bar.
Türkmen energetika toplumynyň diwarlygyny gözden geçirmegiň barşynda iri halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylary işewür, hyzmatdaşlyk we maýa goýum tekliplerini öňe sürdüler. Nebiti gaýtadan işlemek, gaýtadan dikeldilýän energetika we ýaşyl energetika ulgamynda taslamalary amala aşyrýan kompaniýalar hem hyzmatlaryny hödürlediler.
Türkmen energetika toplumy bu hili teklipleri we taslamalary oktýabryň ahyrynda OGT 2023 sergisinde ara alyp maslahatlaşmagyny dowam eder.
ADIPEC 2023 sergisine gatnaşyjylar OGT EXPO 2023 sergisine hem gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. 65-den gowrak milli we halkara kompaniýalar bu sergä gatnaşmak üçin hasaba alyndylar.
Türkmenistanyň her ýylda geçirilýän esasy energetika çäresine gatnaşmak üçin hasaba almaklyk 16-njy oktýabra çenli açykdyr diýip, Aşgabatda geçiriljek forumyň guramaçylary aýtdylar.
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystanda Nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekilleri RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda gurnalan Türkmen-Tatar Bilelikdäki iş toparynyň mejlisine we Nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy diýip, THP habar berýär.
Suwuklandyrylan gaz, awiakerosin we dizel ýangyjy TDHÇMB-niň walýuta geleşikleriniň esasyny düzdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.