Kabul TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlamaga taýýarlyk görýär
15:37 17.10.2023 5254
Kabul Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy üçin ýeri bölüp bermek boýunça çözgüdi kabul edendigini we taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirip başlamaga taýýardygyny mälim etdi diýip, TOLOnews owgan neşiri habar berýär.
Owganystanyň Dag magdan senagaty we nebit ministrliginiň metbugat sekretary Humaýun Afgan «ýurtda howpsuzlygyň üpjün edilendigini, şeýle hem Yslam Emirliginiň taslama başlamaga taýýarydygyny» habar berdi.
Ol şeýle hem, degişli taslamany Owganystanda durmuşa geçirmek işini ilerletmekde Türkmenistanyň goşandyny hem nygtap geçdi we ýurduň bu babatdaky işlere başlamaga taýýardygyny aýdýar. Onuň "Eger-de mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, biz öz çäklerimizdäki gurluşyklara özümiz goldamaga taýýar" diýen sözlerine "TOLO" habarlar agentligi salgylanýar.
TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasy ykdysady ösüş we ilat üçin iş ýerlerini döretmek üçin örän wajyp taslamalaryň biri hasaplanylýar. Jemi 1814 kilometre uzaýan gaz geçirijiniň 735 kilometri Owganystanyň çäginden geçmegi göz öňünde tutulýar. Onuň durmuşa geçirilmegi bilen Owganystan ýylda 400 million dollardan gowrak girdeji gazanyp biler.
Ýurduň ilat üçin müňlerçe goşmaça iş orunlary bilen birlikde, TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi Owganystana «mawy ýangyjyň» üstaşyr geçirilmeginden düýpli girdeji getirer.
TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda başlanyp, häzirki wagta çenli tamamlandy diýen ýaly.
«TAPI Pipeline Company» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine «Türkmengaz» döwlet konserni, owgan gaz korporasiýasy, Inter State Gas Systems (Private) Limited pakistan kompaniýasy we GAIL hindi gaz kompaniýasy girýär.
TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmeklige gönükdirilen işler Pakistanda hem durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň iýun aýynda Pakistanyň Federal ministrler kabineti TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň Bilelikdäki meýilnamasyny tassyklady. Bu çözgüt taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny tamamlamagy tizleşdirmäge we gaz geçirijini gurmak tapgyryna geçmäge gönükdirilendir.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.