Hytaý we Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy ylalaşdylar — Sinhua
14:55 18.10.2023 4743
Hytaý we Türkmenistan energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşdylar diýip, Sinhua agentligi habar berýär.
Duşenbe güni Pekinde Hytaýyň wise-premýeri Din Sýuesýan Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşyk sişenbe we çarşenbe günleri geçiriljek «Bir guşak — Bir ýol» atly III Halkara hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda geçirildi.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit we gaz boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew we wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow girýär.
Din Sýuesýan Hytaýyň döwlet baştutanlary tarapyndan gazanylan möhüm ylalaşygy doly durmuşa geçirmek, energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistan bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy.
Türkmen tarapy Aşgabat bilen Pekiniň tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlykda oňyn netijelere ýetendigini mälim etdi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga hem-de iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.