Aşgabatda nebitgaz forumyna taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar
13:53 23.10.2023 4980
Çarşenbe güni, 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda 46 ýurtdan 700-den gowrak wekiliýetiň gatnaşjak iň uly sebit energetika forumy OGT 2023 öz işine başlar. Gatnaşyjylaryň arasynda halkara kompaniýalarynyň we guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we ministrlikleriň, banklaryň we dürli gaznalaryň, daşary ýurtly we Türkmenistanyň KHBS-niň 400-den gowrak wekilleri bar.
Bu ýylky OGT-nyň şygary — “Ygtybarly. Durnukly. Arassa energiýa" diýlip atlandyrylýar. Onuň maksatlary diňe bir energetika temalaryna gönükdirilmän, eýsem, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we howa bilen baglanyşykly köp sanly meseleleri hem öz içine alýar.
Bularyň hemmesi birek-birege bagly senagat, ýokary tehnologiýa, ekologiýa we howa meseleleriniň ýeke-täk toplumyny aňladýar, bu çözgüt ýene bir aýdan Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek COP 28 Bütindünýä howa sammitine goşant bolar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti global metan borçnamasyna goşulmak üçin “ýol kartasyna” gol çekdi, bu bolsa ýurduň daşky gurşawy goramak meselelerine çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär. COP 28-iň Energetika geçişi bölüminiň başlygy Saamir Elşihabi eýýäm OGT 2023-e gatnaşjakdygyny tassyklady we BAE-de COP 28-den öň ýakyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirdi.
OGT 2023-e bolan ýokary gyzyklanma we çäräniň ähmiýeti Yrak Respublikasynyň elektrik ministri Zeýad Ali Fadhil, pes uglerod çözgütleri we halkara ösüş boýunça ADNOC ýerine ýetiriji direktory Musabbeh Al Kaabi, Täjigistanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň orunbasary Şerifa Hudobahş, SOCAR-yň prezidenti Rowşan Najaf, CNPC-iň başlygy Hou Tsijun, Astrahan sebitiniň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Denis Afanasýew we başgalar ýaly ýokary wezipeli işgärleriň gatnaşmagy bilen subut edilýär.
Türkmen tarapyna Ministrler Kabinetiniň Maşlygynyň orunbasary Batyr Amanow, milli energetika kompaniýalarynyň, Türkmenistany Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we bilermenleri, şeýle hem 20-den gowrak kompaniýanyň ýolbaşçylary wekilçilik edýär.
Moderatorlaryň hatarynda tanymal hünärmenler bolan - UNECE-iň Durnukly energiýa bölüminiň direktory Dario Liguti, Jon MakGregor, Aşgabatdaky ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy, Kleýr Godard, S&P Global Commodity Insights-yň Ýakyn Gündogar we Gündogar sebitiniň seljeriş bölüminiň başlygy, Ismadi Bin Ismail, PETRONAS Carigali-niň (Turkmenistan) Baş direktory Sdn Bhd, Heşam Zubari, “Dragon Oil” (Holdings) Ltd-iň tehnologiýa we innowasiýa boýunça müdiri hem bar.
Mundan başga-da, wekilýetleriň arasynda Halkara olimpiýa komitetiniň onlarça prezidenti we iri energetika kompaniýalarynyň ýigrimi-den gowrak wise-prezidentleri we (SOCAR, Dragon Oil, CNPC, PETRONAS, PEL Limited, Siemens Energy, Total Energies, Baker Hughes, Schlumberger, LX International, Yug-Neftegaz Private Limited we ş.m.), maliýe guramalarynyň, daşky gurşaw guramalarynyň, BMG-niň we ÝHHG-niň ýolbaşçylary we wekilleri bar.
OGT 2023: S&P Global, Energy Intelligence, National Gas World, Интерфакс, Media Hub International, TRT, Industrial Technology, Argus Media, Orient, News Central Asia, Business Türkmenistan ýaly, birnäçe halkara we milli habar beriş serişdelerinde şöhlelendiriler.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.