OGT – 2023-e tas 50 ýurtdan rekord derejede gatnaşyjy bardy
17:43 27.10.2023 5179
“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara konferensiýa we sergä rekord derejede gatnaşyjy bardy. Bu barada çäräniň jemi boýunça geçirilen metbugat konferensiýasynda forumyň guramaçylary aýtdy.
“Häzirki forum wekilleriň sany boýunça rekord goýdy. Bizde heniz 28 nebitgaz konferensiýasyny geçirmegiň taryhynda şeýle rekord derejeli gatnaşyjy bolmandy. Gelip gatnaşan wekilleriň sany 700-den gowrak. Olardan 400-den gowragy bize daşary ýurtlardan gelen wekillerimizdir. Tas 50 ýurtdan” – diýip, “Türkmen forum” hojalyk jemgyýetiniň müdiri Nazar Atajanow aýtdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen OGT – 2023 sergisinde 70-den gowrak kompaniýa öz diwarlyklaryny ýerleşdirdi. Sergä üç iş gününiň dowamynda 10 müňe golaý adam baryp gördi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.