OGT 2023 Halkara forumynyň gatnaşyjylaryna alty ugur boýunça baýraklar gowşuryldy
12:44 30.10.2023 5124
25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» (OGT 2023) Halkara sergisi we maslahaty Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň iň iri hem üstünlikli çäreleriniň biri boldy. Forum 700-den gowrak milli we daşary ýurt wekillerini, 400-den gowrak kompaniýalary we 10 müň töweregi sergä gatnaşyjylary özüne çekdi.
Anna güni, maslahatynyň soňky gününde, foruma gatnaşyjylary alty ugur boýunça sylaglamak dabarasy geçirildi: Excellence in Energy Award, Best Moderator Award, Excellence in Catering Services, Outstanding Contribution as a Knowledge Partner, Distinguished Excellence in Technical Panel Hosting, Exhibition Excellence Award.
Excellence in Energy Award baýragyna energetika ulgamynda gazananlary üçin Socar, Dragon Oil, CNPC, Pel Limited, Auguste International, Çalik Enerji, Daewoo E&C Branch in Ashgabat, Baker Hughes, Yug-Neftegaz, Hyundai Engineering, Mitro International limited, Buried Hill, ENI Turkmenistan Limited, Schlumberger, NAPECO, LX International, Sewertransnerud kompaniýalary mynasyp boldy.
Maslahatyň iň gowy moderatory diýlip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy ilçi Jon Makgregor yglan edildi.
Jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda iň gowy hyzmat — Excellence in Catering Services baýragyna Gul Zaman we Arassa Deniz restoranlary mynasyp boldy.
Outstanding Contribution as a Knowledge Partner — bilimler boýunça hyzmatdaş hökmünde goşandy üçin baýragyna S&P Global Commodity Insights kompaniýasynyň analitika boýunça ýolbaşçysy Kler Godar mynasyp boldy. S&P forumyň guramaçylaryna onuň gün tertibini düzmekde we ýokary derejeli çykyş edýänleri çagyrmakda ýardam etdi.
Distinguished Excellence in Technical Panel Hosting — tehniki panelleriň hostinginde goşandy üçin baýragyna SPE – Society of Petroleum Engineers kompaniýasy mynasyp boldy.
Exhibition Excellence Award — OGT 2023-de pawilýonynyň iň owadan dizaýny üçin 70 kompaniýanyň içinden saýlanan iki sany kompaniýa mynasyp boldy — Petronas malaýziýa we Söwda Gurluşyk Maslahaty türkmen kompaniýasy.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.