TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara awiakerosin, polipropilen we motor ýaglary ýerlenildi
12:48 30.10.2023 8055
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni, türkiýeli işewürler bolsa motor ýagyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek matalar, jins önümleri, pamyk toplumlary, pagta süýümi, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 377 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 57 million 680 müň manatdan gowrak bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, el halylaryny, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek hem-de jins önümlerini, nah ýüplügi, aşgarlanmadyk matany satyn aldylar.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Şenbe güni, 29-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi energetika ulgamynda Aşgabadyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygyny tassyklady
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşygynda Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Türkmengeologiýa» DK nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen işleri geçirýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Türkmenistan we Singapur birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe — DIM
Türkmenistan we Singapur dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul ş.) B.Durdiýewiň Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halime Ýakoba ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy.