Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy
13:17 03.11.2023 4796
Anna gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapar bilen bardy diýip, TDH habar berýär.
Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Gazagystan Respublikasynyň we ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar türkmen-gazak özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada açylan Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz sammitde Aşgabadyň Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek baradaky pikirini beýan etdi.
2021-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşuldy we häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu düzümiň işine işjeň gatnaşýar.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.