Daewoo Engineering & Construction Aşgabatda şahamçasyny açdy

15:08 06.11.2023 9776

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/9134/original-165488911b0a6f.jpg

Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Daewoo Engineering & Construction koreý kompaniýasy 31-nji oktýabrda Aşgabatda şahamçasyny açdy. Bu şahamça Merkezi Aziýada kompaniýanyň işini giňeltmek üçin öňdebaryjy baza öwrüler diýip, kompaniýanyň Metbugat gullugy habar berdi.

Çärä Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, şol sanda Daewoo Engineering & Construction-nyň ýolbaşçysy Jong Won-Çžu, daşary işler ministri Pak Jin, Türkmenistandaky ilçisi Ji Gýu Tek we Ýewropa işleri boýunça direktory Çhwe Te Ho bar. Türkmen tarapyndan energetika, senagat we gurluşyk işleri boýunça wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow bar.

Şahamçanyň açylyş dabarasynda Jong Won-Çžu şeýle belledi: «Türkmenistanyň we Koreýanyň Hökümetlerine, şeýle hem resmi adamlara Daewoo E&C-nyň şahamçasyny döretmekde goşant goşandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin — bu ýöne bir hususy kompaniýa diýerden uly zat. Bu Koreýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpri».

Daewoo E&C koreý kompaniýasy geçen ýylyň noýabr aýynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi we şol resminamanyň esasynda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Birinji taslama — Balkan welaýatynda ammiak-karbamid zawodynyň gurluşygy. Ikinji — ýylda 300 000 tonna kuwwaty bolan fosfat dökün öndürýän zawod. Taslamalar Koreýanyň we Ýewropanyň karz edaralarynyň hasabyna çekilen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Kompaniýada habar berlişi ýaly, Daewoo E&C-nyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişine gatnaşmagyna hem garaşylýar.

Başga makalalar
164c75457e8d5f.jpg
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Şenbe güni, 29-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


164c89d8058f2d.jpg
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi energetika ulgamynda Aşgabadyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygyny tassyklady

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşygynda Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


164c74d1484a92.jpg
«Türkmengeologiýa» DK nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen işleri geçirýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


164c89dd5a9a5b.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.


164c35c6494071.jpg
Türkmenistan we Singapur birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe — DIM

Türkmenistan we Singapur dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul ş.) B.Durdiýewiň Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halime Ýakoba ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy.