Ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy
12:11 13.11.2023 5666
On aýda Türkmenistanda jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 10-njy noýanrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Mejlisiň barşynda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Bellenilişi ýaly, görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, on aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 110,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 7,4 göterim artdy.
Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 54-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 34-siniň, 379,9 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeler, ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş, saglyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary we beýleki ençeme desgalar bar. Bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary döwrebaplaşdyrylýar.
— Ýylyň tamamlanmagyna az wagt galdy. Şoňa görä-de, şu ýyly üstünlikli jemläp, 2024-nji ýyly gowy netijeler bilen garşylamak üçin, galan wagtyň içinde zerur bolan işleri geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.
Eýran we Türkmenistan ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmagy meýilleşdirýär
Maý aýynyň başynda Eýranyň Gürgen şäherinde geçirilen Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň ilkinji sergisi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmeginde möhüm ädim boldy diýip, TerraNews habar berýär.
Termez dialogynyň mejlisine gatnaşyjylar Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek meselelerini maslahatlaşdylar
19-21-nji maýda Özbegistanda Termez şäherinde Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise 20 döwletden 200 töweregi wekil gatnaşdy.
Serdar Berdimuhamedow saýlawçylar bilen duşuşygynda saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny tanyşdyrdy
Duşenbe güni Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
«Gubadagetrapgaz» hojalyk kärhanasy Daşoguz welaýatynyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygar astynda geçýän ýylda gaz paýlaýjy desgalaryna ýokary hilli ideg etmegi, Daşoguz welaýatynyň ilatly nokatlary, senagat, oba hojalyk we jemagat-hojalyk kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegi dowam edýärler.