Nebitgazçynyň maşgalasynda üçem çaga dünýä indi

12:44 13.11.2023 7748

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/9199/original-165521ada081f0.jpg

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Şahymerdan Şammyýew bilen Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda üçem perzentleriň dünýä inmegi etrapda soňky ýüz ýylda ikinji bolup hasaba alyndy.

Maşgalabaşy Şahymerdan Şammyýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Daşoguznebitönümleri» kärhanasynda on ýyldan gowrak wagtdan bäri sürüji bolup, göreldeli zähmet çekip gelýär. Sülgün Töräýewa bolsa 2010-njy ýyldan bäri obada öý hojalykçy, ussat pileçi, edermen ýygymçy, nesilleriň ajaýyp terbiýeçisi hökmünde tanalýar.

Bu agzybir maşgalada 10-luk san bilen bagly şowlulyklaryň hatary köp duş gelýär. Olaryň ýekeje bir tymsaly — 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda 10 sagat 10 minutda üçemleriň dünýä inmegi hem nobatdaky maşgala rowaçlygy hökmünde söýgülendi.

Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlaryna, abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan jemgyýetçilik ösüşlerine söýginiň, wepalylygyň we buýsanjyň, umumy rowaçlygyň dabaralanmagynyň alamaty, nyşany hökmünde maşgalanyň nowjuwan perzentlerine Dünýä, Dursun, Abat diýip at dakyldy.

Şahymerdan bilen Sülgüniň agzybir maşgalasynda öňem iki çaganyň bardygyny ýeri gelende belleýäris. Maşgalanyň ilkinji perzendi Altynaý Görogly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 4-nji synpynda, Jöwher bolsa şol orta mekdebiň 2-nji synpynda okaýar.

«Bäbek toýy» bilen bagly milli däp-dessurlaryň rowaçlanmagyna Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, geňeşligiň ymamy, welaýatyň çäginde «Arkadag» medalynyň ilkinji eýesi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy Henip Zahyrow we halk tarapyndan ak pata berlip gutlandy, pişmeler seçildi. Agramy 2250 gram, boýy 43 santimetr, maşgalanyň 3 — 4 — 5-nji perzentleri bolan üçemleriň, akja gundaga alajadan edilen gundagbag bilen gundalan körpeleriň ösüşiniň, erkin hereketleriniň, duýuş we iýmitleniş synalarynyň, uky ölçegleriniň kadalydygyny, gündelik, hepdelik durmuş we melhemçilik hyzmatlaryna, saglyk ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik edilýändigini maşgala lukmanlary buýsanç bilen belleýärler.

Başga makalalar
1631823da01e93.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy

Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.


167ef84ee1d729.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler

3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


163186277513ce.jpeg
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar

Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.


16319915779985.jpeg
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.


16316ee907f1fc.jpeg
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz

Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.