Halkara giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär

18:00 29.11.2023 4438

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/9352/original-1656735e159966.jpg

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy, iri taslamalary amala aşyrmak döwletiň üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iri halkara forumlarynda, ýokary derejeli duşuşyklarda, hökümetara toparlarynyň mejlislerinde edýän çykyşlary, olaryň çäklerinde gol çekilýän resminamalar we ylalaşyklar munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu wakalaryň hemmesi ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdelerinde öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň noýabrynyň başyndan bäri bolup geçen şeýle wakalary ýatlap geçmegi makul bildik.

Hormatly Prezidentimiz 9-njy noýabrda Daşkentde geçirilen YHG-nyň sammitinde çykyş edip, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gatnaşyjy-ýurtlaryna iberilýän gazyň we elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň teklip eden, YHG-nyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli taslamalaryň birnäçesini mysal getirdi hem-de guramanyň bir bitewi energoulgamyny döretmek üçin bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy.

Noýabryň başynda Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleriniň Yragyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Taraplar türkmen tebigy gazyny Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden Swap ulgamy boýunça Yraga ibermek bilen bagly bolan meselelere seretdiler. Hususan-da, gaz pudagynda geçiriljek bilelikdäki işleriň hukuk, söwda, maliýe we guramaçylyk şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ibermek, satyn almak, satmak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri hakynda Teswirnama gol çekildi. Resminama laýyklykda, 5 ýylyň dowamynda Swap ulgamy boýunça Eýranyň çäginden Yraga ýylda türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri ugradylar.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 17-nji noýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazrui bilen geçiren duşuşygynda hem ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk meselesi gozgaldy. Bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplanyldy. Baý tebigy serişdelerine eýe bolan Türkmenistan şol netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmegi ugur edinýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BAE-den hyzmatdaşlary Türkmenistanyň durmuşa geçirýän iri halkara energotaslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumynyň meseleleri boýunça orunbasary Batyr Amanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýumlary ministri Halid-Al-Falih bilen geçiren onlaýn-duşuşygy barada hem ýatlasak ýerlikli bolar. Söhbetdeşler Türkmenistanyň Prezidentiniň SSAGZ-niň agzalarynyň we MA-nyň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ugurlaryna seretdiler.

15-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapyndan başlygy Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň ýapon tarapyndan başlygy Hiroýuki Tsubaý bilen bolan onlaýn-gepleşikleriniň barşynda seredilen meseleleriň hatarynda energetika, gazhimiýa, nebiti gaýtadan işlemek babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselesine hem garaldy.

17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdad Bazrpeş bilen geçiren duşuşygynda ýangyç-energetika toplumy türkmen-eýran gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdelerinde 17-18-nji noýabrda türkmen paýtagtynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisine hem-de işewürler forumyna uly üns berildi. Toparyň mejlisiniň barşynda Türkmenistan we Eýran gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Hususan-da, Aşgabat Körpeje — Gurtguýy gaz geçirijisi, şeýle hem Çaloýuk bekediniň üsti bilen Eýrana iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrmaga taýýardygyny beýan etdi.

Bulardan başga-da, 17 — 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi, oňa gatnaşyjylaryň hatarynda nebitgaz ulgamyna ýöriteleşdirilen eýran kompaniýalary hem boldy.

Energetika pudagynda täze guýulary işläp taýýarlamagyň hasabyna gazyň çykarylýan mukdary artýar, bu ýagdaý sebitde, şeýle hem tutuş dünýäde energetika howpsuzlygyny berkitmäge we eksporty artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu barada noýabryň ikinji ongünlüginde türkmen neşirleriniň sahypalarynda, şeýle hem dürli internet-saýtlarynda ýerleşdirilen habarlarda bellenilýär.

Hususan-da, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň üç ýatagyň — «Galkynyş», Tagtabazar-I we Uzynada ýataklarynyň guýularyndan gazyň senagat akymlaryny alandygy baradaky habar üns merkezinde boldy. Bu üstünligi nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak maksady bilen ýataklarda täze guýulary barlamaga we işläp taýýarlamaga gönükdirilen milli maýa goýumlarynyň hasabyna gazanmak başartdy.

Şeýle hem «Türkmenistan» gazetiniň beren habaryna salgylanmak bilen, elektron habar beriş serişdelerinde şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň iri Goturdepe ýatagynda «gara altynyň» çykarylan möçberi barada maglumatlar getirildi. Bu ýerde 895 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 6,5 müň tonna köpdür. Şeýle hem ady agzalan ýatakdan 361 million kub metr möçberde ugurdaş gazyň çykarylandygy habar berilýär. Bu görkeziji ýylyň aňlatmasynda 6% ösüşiň gazanylandygyny mälim etdi.

Noýabr aýynda geljekki wakalar barada hem anons edildi. Olaryň dowamynda beýleki wakalar bilen bir hatarda, ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselelerine garalar. Şol wakalaryň hatarynda Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň ýedinji mejlisi we işewürler maslahaty bar. Şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen şol çärelere nebitgaz pudagynda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem metbugatda 2024-nji ýylyň 24 — 25-nji aprelinde Türkmenistanyň nebitgaz döwlet konsernleriniň gatnaşmagynda Parižde ýurdumyzyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi habar berilýär.

Bu forum Türkmenistanyň energetika pudagynyň dürli sektorlaryna daşary ýurtlardan göni maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge hem-de bu ulgamy durnukly ösdürmek üçin sebit dialogyny güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Başga makalalar
161de57cb81a2d.jpeg
Türkmenistan Gazagystana tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edip başlamaga taýýar — DIM

Türkmenistan Gazagystana tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edip başlamaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow 11-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn duşuşygynda eden çykyşynda belledi. Duşuşykda Gazagystandaky ýagdaýlar maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161dbd6e85ffdd.jpeg
TNGIZT EURO-6 standartyna laýyk gelýän A-98 kysymly awtobenziniň önümçiligini ýola goýdy

Türkmenistanda EURO-6 standartyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän we ekologiýa taýdan has arassa bolan A-98 kysymly awtobenziniň önümçiligi başlandy. Bu barada Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Hökümet mejlisinde habar berdi.


161dd264b0358e.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň häkimiýetleri bilen nebitgaz toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


16566d77b69043.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.


161dbd754833fa.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow Derwezedäki gaz kraterini söndürmegiň usulyny tapmagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Derwezedäki ýanyp duran gaz kraterini söndürmegiň çözgüdini tapmak meselesini gozgady.