Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň wise-prezidenti bilen döwletara gatnaşyklarynyň geljegini maslahatlaşdy
13:06 07.12.2023 7817
Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi diýip, TDH habar berýär.
Myhman döwlet Baştutanyna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen özara bähbitlilik ýörelgesine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutany Prezident Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkiýe bilen strategik, uzak möhletleýin häsiýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Söhbetdeşler iki doganlyk döwletiň ýolbaşçylarynyň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň gazanylan derejesine ýokary baha berip, Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli saparlarynyň, ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň we gepleşikleriň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam edýändigini nygtadylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen bolan duşuşygyny, işewürlik maslahatyny we ikitaraplaýyn gepleşikleri ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Nygtalyşy ýaly, gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi häzirki günüň möhüm wezipesidir.
Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň strategik söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Döwlet Baştutany iki ýurduň ykdysady kuwwatyny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň we işewürlik maslahatynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Olaryň maksady netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, özara hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.