Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda gazanan üstünlikleri halkara guramalary tarapyndan bellenildi
11:07 28.12.2023 8075
27-nji dekabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň barşynda Türkmenistanyň 2023-nji ýylda gazanan esasy üstünlikleri bellenilip geçildi. Olaryň birnäçesi halkara guramalary tarapyndan şahadatnamalar bilen bellenildi. Bu şahadatnamalar maslahatyň bölümçelerinde gowşuryldy.
Soňra «UI GreenMetric World University Ranking» agentliginiň başlygy Riri Fitri Sari Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisiniň «UI GreenMetric World University Ranking» atly halkara reýtinge goşulandygyny tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy. Şolaryň hatarynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty bar.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda nebitgaz pudagynda ýaşlaryň orny» atly bölümçe milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagynyň — nebitgaz toplumynyň gazananlaryna bagyşlandy.
Türkmenistan energiýa serişdeleriniň baý ätiýaçlyk gorlaryna eýe bolmak bilen, milli ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçiliklerini barha ösdürýär, nebit we gaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek, halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek üçin nebit we gaz serişdelerini gaýtadan işlemek, tebigy gazyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda bu işe ezber halypalarynyň tejribesini we başarnyklaryny üstünlikli özleşdiren ýaş hünärmenler işjeň çekilýär.
Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň baş dolandyryjysy Maýkl Harris tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konsernine sanly ulgam arkaly «Quality Achievements Awards 2023» atly halkara hil baýragynyň gowşurylmagy ulgamyň gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasy boldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnamany gowşurmagy bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli, giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň görkezijisi boldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan Türkmenistanda hususy pudagyň arasynda sanly özgerişlikleri üstünlikli öňe sürmekde, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde we ýurduň sowatly ýaşlaryny goldamakda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň tagallalaryny ykrar etmek hakynda şahadatnamany we diplomy gowşurdy.
Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas» klassifikasion jemgyýetiniň Türkmenistandaky şahamçasynyň wekili Ýazmyrat Malakow «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine «Bureau Veritas Marine Kazakhstan» jogapkärçiligi çäklendirilen guramasynyň «Gämi gurluşygy we abatlamak babatda önjeýli hyzmatdaşlyk we ýakyndan ýardam üçin» şahadatnamasyny gowşurdy. Beýik Britaniýanyň Sertifikatlaşdyrylan logistika we ulag institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň Baş sekretary Erbol Muhaýew sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine Beýik Britaniýanyň Sertifikatlaşdyrylan logistika we ulag institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň adyndan «Türkmenistanyň logistika we awtomobil ulaglary pudagynda ýaşlaryň ösüşine üstünlikli goşant goşandygy üçin» şahadatnamasyny gowşurdy. Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligine Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň işine goşandy üçin Hormat diplomyny gowşurdy.
Wodorody öndürmegiň usullary we ulanmagyň mümkinçilikleri
Häzirki döwürde dünýä möçberinde wodorody almagyň 85 göterim möçberi metanyň suw bugy bilen konwersiýa tehnologiýasy, 10 göterimi nebit, kömür we bary-ýogy 5 göterimi elektroliz usul bilen suwdan alynýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Monakonyň Şazadasy köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirdi. Onda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” toparynyň agzalaryny Monte-Karloda halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan baýragy bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan altyn baýragy bilen gutlady.
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň başyndan bäri pudaklaryň işiniň netijeleri jemlenildi
12-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Bu barada TDH habar berdi.
OPEC gaznasy Türkmenistana 45 million dollar karz bermekligi tassyklady
OPEC Halkara ösüş gaznasy (OPEC gaznasy) tutuş dünýä boýunça durnukly ösüş üçin 352 million dollar möçberinde serişde bölüp bermegi göz öňünde tutýar. Şolardan 45 million ABŞ dollary möçberinde karz serişdesi Türkmenistana bölünip berler. Bu barada degişli çözgüt gaznanyň dolandyryjylar geňeşiniň 178-nji mejlisinde kabul edildi.