BAE-de 1-nji oktýabrda «EXPO 2020 Dubaý» halkara sergisi açylar
30.09.21 - 15:41Ertir, 1-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirliklerinde «EXPO 2020 Dubaý» iri halkara sergisi öz işine başlar. Bu abraýly halkara forumyna dünýäniň 190-dan gowrak döwleti, şol sanda Türkmenistan gatnaşar.
Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçdi
30.09.21 - 09:29Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçsi. Bu barada çarşenbe güni RIA Nowosti agentligi ICE Futures-iň söwdalaryna salgylanyp habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň direktory bilen duşuşdy
30.09.21 - 09:31Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Yug-Neftegaz Private Limited» (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiýni kabul etdi.
Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
29.09.21 - 09:07Şenbe güni, 25-nji sentýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan mejlisi geçirildi.
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenilip geçildi
29.09.21 - 09:0827-nji sentýabrda türkmen halky ýurdumyzyň iň esasy baýramçylyklarynyň birini — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belläp geçdi.
TNGIZT Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergide täze önümini görkezdi
25.09.21 - 19:18Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda 21-22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň gazananlarynyň sergisi geçirildi.
Saud Arabystany TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyny goldaýar — ilçi
25.09.21 - 19:19Saud Arabystany Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz magistralynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ählitaraplaýyn goldaýar. BU barada Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçisi Said Osman Ahmed Suweýl Saud Arabystany Patyşalygynyň gününiň bellenilmegi mynasybetli «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi
25.09.21 - 19:19Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň Ştab-kwartirasynda geçen hepdede açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly eden çykyşynda döwletleri çaprazlygy aradan aýryp, ählumumy derejedäki ýiti meseleleri çözmekde birleşmäge çagyrdy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň DIM-niň ýolbaşçylary Owganystanyň täze Höküümeti bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
23.09.21 - 12:10BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatynda geçirilen onlaýn duşuşykda Owganystanyň täze Hökümeti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Nebitgaz toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşýar
23.09.21 - 12:1121-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän, däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýanyna, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň döredijilik güýç-kuwwatynyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň «EKSPO-2020 Dubaý» sergisine gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy
23.09.21 - 12:12Çarşenbe güni «EKSPO-2020 Dubaý» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylar boýunça utgaşdyrjysy Omar Şehadeh bilen geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda Türkmenistanyň bu sergä gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Mary welaýatynyň gaz geçirijilerini abatlamak işleri alnyp barylýar
23.09.21 - 12:09«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Mary welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça müdirliginiň gurluşykçylary we gurnaýjylary bu sebitiň şäherlerinde we obalarynda orta we ýokary basyşly gaz geçirijileriniň gurluşygyny ýokary hünär derejesinde ýerine ýetirýärler. Şu ýylyň ýedi aýynda gurluşykçylar tarapyndan uzynlygy 24 müpp 780 metrlik gaz geçirijisi guruldy, hereket edýän gaz geçirijileriň birnäçe ýerlerinde düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi.
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGÄ GATNAŞYJYLARA
21.09.21 - 10:24Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine berk ynanýaryn.
Seýdiniň NGIZ nebit önümleriniň önümçiliginde ýokary ösüş depginlerini gazandy
22.09.21 - 11:32Ýylyň başyndan bäri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (SNGIZ) dürli kysymly benzinleriň 135 müň 200 tonnasy öndürildi, önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 158,9%-e deň boldy. Şeýle-de zawod dizel ýangyjy, agyr wakum gazoýly, ýol bitumy ýaly beýleki önümleriň hem önümçiliginiň ýokary ösüş depginini görkezdi.