Türkmenistanda СOVID-19 keseliniň ýüze çykan ýagdaýyny tassyklaýan bir mysal hem bellige alynmady — BSGG-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy
18.07.20 - 02:18Türkmenistanda СOVID-19 keseliniň ýüze çykan ýagdaýyny tassyklaýan bir mysal hem bellige alynmady. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahat beriş-tehniki toparynyň Türkmenistana gelen baştutany, BSGG-niň adatdan daşary ýagdaýlar meseleleri boýunça Ýewropa sebit edarasynyň baş hünärmeni hanym Ketrin Smollwud Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň jemleri boýunça geçirilen brifingde belledi.
OPEC nebite bolan islegiň 2020-nji ýylda günde 90,7 mln barrele çenli pese düşüp, 2021-nji ýylda 97,7 mln barrele çenli ýokarlanmagyna garaşýar
26.08.20 - 15:372020-nji ýylda nebite bolan islegiň çaklamasy günde 100 müň barrele çenli — günde 90,7 mln b/g ýokarlandyryldy, bu bolsa 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende günde 8,9 mln b/g aşaklamany aňladýar, diýip Interfaks habar berýär. Şol bir wagtda 2021-nji ýylda suwuk uglewodorodlaryň sarp edilişi 7 mln b/g artyp — 97,7 mln b/g bolar. Muňa garamazdan, bu görkezijiler COVID-19 pandemiýasyndan öňki döwürdäkiden aşakda bolmagynda galýar, diýip gurama habar berýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi köçelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde örtük dakynmagy maslahat berýär
26.08.20 - 15:38Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan 21 göterim artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin, köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde bolýan wagtyňyz agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berýär.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar
26.08.20 - 16:1513-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Mohammed Barkindo: OPEС energiýa geçiş şertlerinde dolandyryş düzümini gaýtadan bahalandyrmaly
14.07.20 - 18:28COVID-19 pandemiýasy energetikany, klimatyň üýtgeýşini we ähtimal, geosyýasaty dolandyrmagyň gurluşyny gözden geçirmegiň gerekdigini subut etdi diýip, OPEC nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň baş kätibi Mohammed Barkindo hasaplaýar, muny INTERFAKS ýetirýär.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
26.08.20 - 07:38Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.
Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýa işlenip düzülýär
26.08.20 - 07:31Penşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Türkmengaz» DK-nyň pudaklaýyn instituty täze ylmy gollanmany neşir taýýarlady
26.08.20 - 07:08«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag instituty «Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary» atly makalalar toplumyny çapa taýýarlady.
Türkmenistan Energetika Hartiýasyna Ylalaşygy döwrebaplaşdyrmak boýunça gepleşiklere gatnaşýar
26.08.20 - 07:13Türkmenistanyň wekilleri Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Energetika Hartiýasynyň sekretariaty tarapyndan Energetika Hartiýasyna Ylalaşygy (EHY) döwrebaplaşdyrmak boýunça wideomaslahatlar görnüşinde geçirilýän gepleşikleriň birinji tapgyryna gatnaşýarlar.
На заседании правительства обсуждены итоги развития ТЭК за первое полугодие, приняты кадровые решения
09.07.20 - 22:31На расширенном заседании правительства, которое провел Президент Туркменистана в минувшую пятницу, были подведены итоги развития за шесть месяцев 2020 года всех отраслей национальной экономики, в том числе – нефтегазового комплекса нашей страны.
Türkmenistan — Hytaýa turba geçiriji gazyny iberýän iň iri ýurt
26.08.20 - 13:55Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny iberýän iň iri ýurt bolmagynda galýar. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük boýunça baş administrasiýasyna salgylanyp habar berýär.
«Şatlyk» şypahanasy dynç alýanlar üçin gapysyny açýar
26.08.20 - 09:00«Türkmengaz» DK-nyň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Şatlyk» şypahanasy Garagum derýasynyň gözel kenarynda ýerleşýär. Abatlaýyş işlerinden soň düýpli täzelenen şypahana 6,3 gektar meýdançada ýerleşip, ol ýerde saýaly gür baglyk ýaýrap ýatyr.
Sanly tehnologiýalar nebit çykarylyşa ornaşdyrylýar
26.08.20 - 08:41«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar nebiti gözlemek, känleri işläp taýýarlamak we nebiti çykarmak prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Kükürtli käninde gazyň çykarylyşy artýar
26.08.20 - 13:02Garagumyň çylşyrymly howa şertlerine garamazdan, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli känindäki önümçilik görkezijileri 2020-nji ýylyň başyndan bäri ýokary görkezijilere ýetdi.
Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň onlugynda — HEA
10.07.20 - 20:21Türkmenistan dünýä boýunça benziniň bahasynyň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugyna girýär, diýip Halkara energetika agentligi habar berýär (HEA).