CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 28.02.2024 – 12.03.2024

17:16 29.02.2024 1950

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň “B” blogunyň Shojb-103D & Shojb-104D guýulary we akym liniýalary üçin taslama düzmek, gurmak, işe girizmek we onuň üçin gerekli önümleri satyn almak boýunça CIT-23149-SR belgili tender yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, hukuk ýagdaýy, kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat. Kompaniýanyň hasaba alyş resminamalarynyň we ygtyýarnamasynyň göçürmesi;
  • Soňky 3 ýylyň içinde kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat;
  • Soňky 5 ýylyň dowamynda bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada gysgaça maglumat;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnandygy  barada şahadatnamanyň göçürmesi;
  • Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.

Arzalar bildiriş KHBS-de çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenilen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär. 

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip, ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daş ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we resminamalar barada anyk maglumatlar üçin aşakdaky salga ýüz tutup bilersiňiz: 

  Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3. 

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Başga makalalar