“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 01.03.2024 - 07.03.2024

14:39 01.03.2024 1744

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy aşakdaky sanawda görkezilen himiki reagentleri satyn almak boýunça marketing soraşmasyny geçirýär:

1.“Gerkules 54505” kysymly neýtralizator;

2.“Gerkules 30617” kysymly korroziýa garşy ingibitor;

3.“Gerkules 1017" kysymly de-emulgator.

Bäsleşik teklibinde manatda hem-de ABŞ-nyň dollarynda her önümiň 1 (bir) tonnasynyň bahasyny we gowşuryş möhletini görkezmeli.

Marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 7(ýedi) senenama günüň dowamynda “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:

1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Bäsleşik teklipleri gatnaşyjynyň, alyjynyň atlary, bäsleşigiň yglan edilen senesi we üpjün edilmeli önümleriň atlary görkezilen we möhür bilen kepillendirilen ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr.  

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz. 

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 222 6-43-66

Elektron salgysy: tatneft.tender@mail.ru 

Başga makalalar