Metan zyňyndylaryny azaltmak, Derweze kraterini söndürmek meseleleri Parižde maýa goýum forumynyň çäklerinde maslahatlaşylar
15:37 19.04.2024 4939
Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamakda metan zyňyndylaryny we ugurdaş gazy azaltmagyň netijeli çözgütler Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Forumda (TEIF 2024) ara alnyp maslahatlaşylar.
TEIF 2024-de “Uglewodorodlar çykarylanda metan we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak...” temasy boýunça panelleýin diskussiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň we BMG-niň öňdebaryjy bilermenleri, OPEK-niň, HEA-nyň we halkara kompaniýalarynyň wekilleri öz garaýyşlaryny beýan ederler.
Bu möhüm ekologiýa meselesi boýunça türkmen alymlarynyň tejribesi, ylmy barlaglary we ony çözmek boýunça amaly işleri barada “Türkmengaz” DK-nyň Tebigy gazyň ylmy barlag institutynyň direktory B.Pirniýazow we laboratoriýanyň müdiri I.Lurýewa tarapyndan taýýarlanylan “Turkmen Energy” çärýekleýin täzelikler daýjestinde berlen makalada gürrüň berilýär.
“Bilermenleriň pikirine görä, Türkmenistan ýurduň çäginde metan zyňyndylaryny takmynan 75% azaltmaga, özi hem ýarysyna çenlisini çykdajysy azaltmaga mümkinçiligi bar. Hemra barlaglary hem zyýanly zyňyndylaryň çeşmelerini görkezdi. Bu bolsa olara garşy göreşmegiň usulyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurduň durnukly energetika bilen bagly bolan durnukly ösüşiň 7-nji maksadyny, şol sanda Howanyň üýtgemegi hakynda Pariž ylalaşygynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär” diýlip makalada bellenilýär.
“Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýa bilen bilelikde taslama boýunça iş alnyp barylýar, bug gazlarynyň bu görnüşiniň atmosfera zyňylmagynyň möçberini azaltmak boýunça ylmy barlaglary geçirmek meýilleşdirilýär. 24-25-nji aprelde Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça forumyň çäklerinde nebitgaz toplumynyň işgärleriniň wekiliýetiniň Parižde Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýanyň ştab kwartirasyna sapary netijeli bilelikdäki işiň aýdyň tassyknamasy bolup durýar. Bularyň ählisi Türkmenistanda Pariž ylalaşygynda gelip çykýan wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin wajypdyr” diýlip neşirde bellenilýär.
Bu makalada Türkmenistanda “Garagum ýalkymy” ady bilen meşhur bolan Derwezede belli kraterde metan ýanmasyny söndürmek boýunça wezipäni çözmek boýunça Tebigy gazyň ylmy barlag institutynyň alymlary tarapyndan işlenilip düzülen usul barada jikme-jik gürrüň berilýär. Ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylygyna bu meseläni çözmek üçin alymlary, zerur bolanda bolsa daşary ýurtly hünärmenleri çekmek tabşyryldy.
“Türkmengaz” DK-nyň Tebigy gaz ylmy barlag institutynyň hünärmenleri tarapyndan Zäkli-Derweze känler toparynyň plastlarynyň geologiki gurluşy öwrenildi. 200 metrden 950 metre çenli çuňlukda ýatan ýuka az kuwwatly plastlaryň uly mukdarynyň barlygy ýüze çykaryldy. Olar suwly we dykyz plastlar bilen gatlanan. Şeýle hem plastlar bilen çökündileriň özara gatnaşyk edýändigi ýüze çykaryldy” diýlip makalada aýdylýar.
“Biz tarapyndan hödürlenen teklibe görä, kesikde bar bolan öndürijilikli plastlaryň ählisini açjak guýy gazylmaly. Ol kratere gaz akymyny azaldar we metan zyňyndylaryny çäklendirer. Elbetde, plastlaryň arasyndaky dolandyryp bolmaýan gaz akymlaryny birbada bes etmek mümkin däl. Emma guýudan gaz çykarmak, birinjiden, süzgüç akymlaryny dolandyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa wagtyň geçmegi bilen gaz akymynyň ählisini guýa ugrukdyrmaga ýardam eder. Ikinjiden, ýakylman, çykarylan gazy ulanyp bolar. Täze guýudan gazyň tizleşdirilip alynmagy filtrasiýa akymlaryny dolandyrmaga we gazyň atmosfera dolandyryp bolmaýan zyňyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berer” diýip, awtorlar belleýär.
“Çäreleriň biri hökmünde şeýle hem ýanyp duran kratere golaý ýerleşen gözegçilik guýularyny ulanyş gaznasyna geçirmek teklip edilýär. Onuň kömegi bilen ýokarky öndürijilikli plastlardan gazyň işjeň alynmagyny amala aşyryp bolar.
Teklip edilýän çäreleriň netijeliligini Capterio kompaniýasynyň hemra suratlarynyň maglumatlary tassyklaýar. Olar 2023-nji ýylyň sentýabryndan 2024-nji ýylyň fewraly aralygynda ýanmagyň möçberiniň düýpli peselendigini görkezýär (iki esseden gowrak). Bu döwürde ýakyn ýerleşen guýulardan tizleşdirilen gaz almaklyk amala aşyryldy” diýlip, neşirde bellenilýär.
“Gaz känleriniň işlenip taýýarlanylmagynyň öz içine wezipeleriň giň toplumyny alýandygy mälimdir. Bu iş ulanylýan tehnologiýalaryň we strategiýalaryň yzygiderli kämilleşdirilip durulmagyny, ýörite detallaýyn we barlaghana tejribeleriniň geçirilmegini, ekologiýa we ykdysady nukdaýnazardan düýpli öwrenmekligi, innowasiýalary we maýa goýumlaryny talap edýär. Munuň özi bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesine ýetmek we daşky gurşawy goramakda ekologiýa deňagramlylygyny saklamakda möhüm ädimleriň biri” diýlip makalada bellenilýär.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň täze ilçisi bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam eder
Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.