DÝHG agza döwletleriň ulag forumyna gatnaşyjylar Aşgabat jarnamasyna gol çekdiler

22:05 19.04.2024 632

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10569/original-16622530b24eec.jpg

15-19-njy aprelde Aşgabatda geçen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar Aşgabat Jarnamasyny kabul etdiler.

“Maslahatyň dowamynda halkara demir ýol daşamalary ulgamyndaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara demir ýol daşamalaryny, ilkinji nobatda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnawlarda demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň, halkara demir ýol arkaly daşamalar ulgamynda ylalaşykly ulag syýasatyny kemala getirmegiň, halkara demir ýol ulagynda kadalaşdyryjy halkara hukuk şertnamalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy” diýlip, 19-njy aprelde Türkmenistanyň HBS-lerinde çap edilen Jarnamada aýdylýar.

Maslahata gatnaşyjylar demir ýol ulagynyň ykdysady, maglumat, ylmy-tehniki we ekologiýa ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça OSJD agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň, demir ýol ulagynyň ulaglaryň beýleki görnüşlerine görä bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamagyň, demir ýollary ulanmak we halkara demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly tehniki meseleleri çözmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň, şeýle hem demir ýol ulagynyň meseleleri bilen meşgullanýan beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny nygtadylar.

“Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmäge ýardam bermek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmek ulgamynda kararnamalaryň kabul edilmeginde Türkmenistanyň başlangyçlaryny we tagallalaryny, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähmiýetini belleýärler”.

Maslahata gatnaşyjylar halkara ulag geçelgeleriniň strategik taýdan möhüm we amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden toplumlaýyn peýdalanmak boýunça edýän tagallalaryny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ulagyň we halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, ýokary derejeli halkara çäreleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. 

“Maslahatyň işiniň jemleri boýunça ýolagçy we ýük daşamalary, infrastruktura we hereket edýän düzüm, kodlaşdyrmak we maglumat, maliýe hem-de demir ýol arkaly halkara ýolagçy we ýük daşamalary üçin hasaplaşyklar, şeýle hem demir ýol arkaly daşamalar ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak/bilim bermek ulgamlarynda ähmiýetli çözgütler kabul edildi” diýlip Jarnamada aýdylýar.

Mejlise Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Belarusyň, Wengriýanyň, Wýetnamyň, Gruziýanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Koreýa Respublikasynyň, KHDR, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Latwiýanyň, Mongoliýanyň, Polşanyň, Russiýanyň, Slowakiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Çehiýanyň we Estoniýanyň demir ýol edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Başga makalalar
16195fc26d4adb.jpeg
OPEC-iň täze Baş sekretary wezipesine Kuweýtiň wekili Heýsam al-Gaisi saýlanyp biler

Dekabr aýynda OPEC-iň ministrleriniň duşuşygynda 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan OPEC-iň baş sekretary wezipesine bellemek üçin Kuweýtiň wekili Heýsam al-Gaisiniň dalaşgärligi maslahatlaşylar diýip, Kuweýtiň nebit we ýokary bilim ministri Muhammed Abdel Latif al-Fares Abu-Dabidäki ADIPEC-2021 Halkara nebitgaz sergisiniň çäklerinde žurnalistlere habar berdi.


164e5b3ad8266e.jpg
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Merw» futbol topary — AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda

Türkmen nebitgazçylarynyň hemaýatkärligindäki futbol toparlary diňe bir milli ýaryşlarymyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edýärler. Muny «Türkmengaz» döwlet konserniniň hemaýatkärligindäki «Merw» futbol toparynyň saýlama duşuşyklardan üstünlikli geçip, AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna goşulmagy hem ähli aýdyňlygy bilen subut edýär.


16195fc8fb16ac.jpeg
Nebitiň bahasy oktýabryň başyndan bäri iň aşak çäkde, Brentiň barreli — 80 dollar

Nebitiň bahasy çarşenbe güni söwdalaryň ýapylmagy bilen oktýabryň başyndan bäri iň aşak çäklere düşdi we arzanlamagyny dowam edýär.


16194aaf55df73.jpeg
TNGIZT importyň ornuny tutýan önümleriniň önümçiligini giňeldýär

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän, importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşleriniň giňeldilýändigi barada wise-premýer Şahym Abdrahmanow sişenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.


164e47c8753508.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň wekilleri Özbegistanyň kärhanalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri özbek hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Daşkentde «Tehnopark» kärhanasyna baryp gördüler.