"PETRONAS Çarigali Türkmenistan” kompaniýasy tender yglan edýär: 07.05.2024 - 13.05.2024

19:32 08.05.2024 1905

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" buraw kompaniýasy çeýe sorujy-gysyjy turbalar bilen işlemäge niýetlenen modul enjamlary we hyzmatlary bermek boýunça № PCT/TKG-WD/2023/005 belgili tendere gatnaşmaga çagyrýar.

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:

  • tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
  • arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
  • Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Elektron salgysy:

tender_secretarytkm4@petronas.com.my

 Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81.

Başga makalalar