Türkmennistanyň Prezidenti Germaniýa bilen «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi teklip etdi

15:45 18.09.2024 3751

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/11938/original-166ea818c4de4a.jpg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi we ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.

Bu barada döwlet Baştutany Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda belledi.

Bellenilişi ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklarda ekologiýa we howa bilen bagly meseleler aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda Türkmenistan Germaniýanyň eýeleýän ornuna, onuň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna, degişli taslamalary we maksatnamalary ilerletmekde işjeň orny eýeleýändigine ýokary baha berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Berlinde ýokary derejede geçirilen «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly maslahatyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol maslahatda möhüm meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy we bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutany «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi, ony biziň formatymyzyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemegi hem-de eýýäm ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.

Başga makalalar
162298f7091e4c.jpeg
Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýar

Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýar. Bu barada Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar žurnalistlere habar berdi diýip, TOLO news owgan habarlar agentligi habar berýär.


166e979a0d1f9e.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1622998609b2b5.jpeg
«Türkmennebit» DK «Tatneft» bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konsernine Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Goturdepe nebitgaz ýatagynda iş alyp barmak boýunça goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.


164dc70eb99959.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan telekeçiler «Türkmennebit» DK-nyň awtobenzinini satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.


164dc75f16ac8e.jpg
«Mawy ýangyç» Halaç etrabynyň sarp edijilerine bökdençsiz ýetirilýär

«Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän esasy wezipeleriň biri hem ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek bolup durýar. Bu günki gün «mawy ýangyjyň» hözirini ýurdumyzyň çetki ilatly nokatlary hem görýär. Obalary we şäherleri gaz bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreleriň netijesinde tebigy gaz Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ilatly nokatlaryna hem bökdençsiz ýetirilýär.