TDHÇMB-niň söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan telekeçiler «Türkmennebit» DK-nyň awtobenzinini satyn aldylar
09:33 16.08.2023 4761
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşleri, nah mata we nah ýüplügi, trikotaž matalary, öý hojalyk himiýa önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 40 million 791 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 7 million manatlyk gurluşyk materiallaryny satyn aldylar.
Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýar
Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýar. Bu barada Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar žurnalistlere habar berdi diýip, TOLO news owgan habarlar agentligi habar berýär.
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.
«Türkmennebit» DK «Tatneft» bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konsernine Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Goturdepe nebitgaz ýatagynda iş alyp barmak boýunça goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Türkmenistanda 11-nji martda Prezident saýlawlaryndan öň «dymyşlyk güni» yglan edildi
Türkmenistanda penşenbe güni ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaryny hödürlemek boýunça saýlawçylar bilen duşuşyklary resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň resmi saýty habar berdi.
«Mawy ýangyç» Halaç etrabynyň sarp edijilerine bökdençsiz ýetirilýär
«Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän esasy wezipeleriň biri hem ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek bolup durýar. Bu günki gün «mawy ýangyjyň» hözirini ýurdumyzyň çetki ilatly nokatlary hem görýär. Obalary we şäherleri gaz bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreleriň netijesinde tebigy gaz Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ilatly nokatlaryna hem bökdençsiz ýetirilýär.