Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
08:08 18.10.2024 6249
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Täze guýularyň ulanyşa girizilmegi önümçiligiň artmagyny şertlendirdi. Şeýlelikde, Täçmyradow meýdançasynda günde 389 müň kub metr gaz berýän guýy burawlandy.
Häzirki wagtda Çartak, Golýaka, Tebigy, Demirgazyk, Köseşor we Hazarly meýdançalarynda buraw işleri ýerine ýetirilýär. Olaryň ählisi Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Şu ýylyň dowamynda Çartak meýdançasynda “mawy ýangyjyň” senagat akymy alyndy. Gaz ýataklary 2450 metr çuňlukdan ýüze çykaryldy.
Bu gazanylanlar “Türkmengeologiýa” DK-nyň hünärmenleriniň geçirýän geologiýa gözleg işleriniň netijesidir. Olaryň tagallalary netijesinde Lebap welaýatynyň ýataklaryndan tebigy gazyň düýpli gorlary ýüze çykaryldy.
Gazy çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we onuň iberilişiniň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, sebitde önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Netijede, birnäçe ýyl mundan öň, Malaý käninde gaz gysyjy desga işe girizildi, bu bolsa bar bolan guýularyň öndürijiligini artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Lebap welaýatyndan çykarylýan tebigy gaz, esasan, eksporta iberilýär. Türkmen tebigy gazyny esasy alyjylaryň biri hem Hytaýdyr.
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny belleýär
Şu gün, 27-nji sentýabrda, Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny belleýär. Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyk çäreleri giň gerimde bellenilip geçilýär.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi —MST
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezident saýlawlarynda sesleriň aglaba bölegini — 72,97%-ini gazandy.
Türkmenistan Hindistanyň gurnan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy
Türkmenistan Hindistanyň DIM-niň goldaw bermeginde bu ýurduň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy.
OGT – 2022 Halkara maýa goýum forumy 29-30-njy martda geçiriler
Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara maýa goýum forumy (OGT – 2022) 2022-nji ýylyň 29-30-njy martynda geçiriler. Forumy guramaçylar bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.