Gaz geçirijiler uzalýar
04:15 20.05.2025 18976
Ýurdumyzyň sebitleriniň, şol sanda Mary welaýatynyň etrap-şäherlerindäki gaz hojalyk edaralarynyň işgärleriniň çekýän ýadawsyz zähmeti arkaly bagtyýar ýaşaýjylaryň öýleri «mawy ýangyç» bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilýär. «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleriniň işleri hem şunuň aýdyň mysalydyr.
Soňky iki-üç ýylyň içinde etrabyň obalarynda täze ilatly ýerler emele geldi. Şoňa görä, 2024-nji ýyl üçin bellenilen meýilnama laýyklykda, Milli maksatnama esasynda umumy uzynlygy dokuz müň metr bolan dürli göwrümli gaz geçirijiler guruldy. Şeýlelikde, etrabyň Agzybir, Akýap, Daýhan, Gyzylgum, Merdana, Çerkezköl, Görelde, Çaşgyn geňeşliklerindäki täze ilatly ýerler doly gazlaşdyryldy.
«Şu ýyl biziň öňümizde etrapda on müň iki ýüz metr uzynlykdaky dürli basyşly gaz geçirijilerini gurmak wezipesi durýar. Häzir biz bu işleri ýokary depginde alyp barýarys. Biz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylda etrabymyzyň Garaýap geňeşliginiň çäginde uzynlygy bir müň üç ýüz on metr, Söýünsary geňeşliginde bolsa uzynlygy bäş ýüz metr bolan orta basyşly gaz geçirijileri gurup ulanmaga bereris.
Etrabymyzda ýigrimi bäş müňe golaý hojalyk bar. Olary tebigy gaz bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün etmekde kärhanamyzyň hünärmenleridir işçileriniň her biriniň mynasyp paýy bar. Bu işlere kärhanamyzyň heläkçiligi dikeldiş we abatlaýyş gullugynyň ussasy Batyr Bekdurdyýew, şol gullugyň gaz bilen kebşirleýjisi Babajan Nurlyýew, daşary gaz geçirijiler gullugynyň slesarlary Ýagşy Garýagdyýew, Merdan Abdyýew, Allak Gurbangeldiýew, tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça birinji derejeli inžener Muhammet Gurbandurdyýew dagy has-da saldamly goşant goşýarlar» diýip, «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Arslan Akweliýew gürrüň berýär.
Kärhananyň işgärleri etrabyň çägindäki umumy uzynlygy bir müň bir ýüz segsen iki kilometr bolan dürli basyşly gaz geçirijilere hyzmat edýärler. Olar häzir etrabyň çägindäki gaz paýlaýjy desgalary, gaz sazlaýjy enjamlary, gaz geçirijilerini güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işlerine-de guramaçylykly girişdiler. Gazçylar gaz desgalaryna, gaz enjamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek, reňklemek işlerini ýerine ýetirýärler, gaz geçirijileriň degişli ýerlerinde bejergi işlerini geçirýärler.
Sapardurdy ÝAÝLYÝEW
Gazçylaryň baýramçylyk zähmet sowgatlary
«Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary welaýatyndaky edara-kärhanalarynyň gazçylary döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän şanly 28 ýyllyk baýramçylygyna hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe zähmet sowgatlary bilen barýarlar.
Geofizikleriň döwrebap işleri
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologiki gullugy öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biridir.
Gözleg guýulary önüm berýär
«Türkmengeologiýa» DK-nyň gazçylarynyň, geologlarynyň ýadawsyz çekýän zähmeti arkaly ýurdumyzyň sebitlerindäki gaz gorly meýdançalardaky ulanyş hem gözleg guýularyndan tebigy gazyň akymynyň alynmagy bilen uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberleri barha artdyrylýar.
Bäsdeşlige ukyply aýakgaplar
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Röwşen aýakgaplary» kärhanasynyň paýly gatnaşygy esasynda Mary şäheriniň ozalky Gön kärhanasynyň binýadynda esaslandyrylan «Maryderi-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik bölümlerinde döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sargytlary esasynda aýakgaplar, egin-eşikler, emeli sütükli gulakjynlar we beýleki önümler öndürilýär.