Has çuň gatlaklara aralaşyp
09:15 09.09.2025 13299
Hormatly Prezidentimiz geçen aýyň 29-ynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýy boýunça alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegi, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy aýratyn tabşyrdy. Bu möhüm tabşyrykdan ugur alyp zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky buraw işleri müdirliklerinde ajaýyp önümçilik görkezijilerine eýe bolunýar. Muňa tutuş konsern boýunça şu ýylyň geçen sekiz aýynda burawlanan dag jynslarynyň 110 müň 479 metre barabar bolmagy-da doly güwä geçýär. Bu döwürde önümli guýularyň 22-siniň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy.
Has takygy, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit-gaz çykaryş müdirlikleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen sekiz aýynda 2 million 676 müň 934 tonnadan gowrak «gara altynyň» we 3 milliard 108 million 925 kub metre barabar «mawy ýangyjyň» alynmagynda burawlaýjylaryň mynasyp goşantlary bar.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz toplumy barasynda edýän yzygiderli aladasy netijesinde häzirki zaman önümçiliginiň iň bir kuwwatly buraw desgalaryna eýe bolup, has çuň gatlaklara ynamly aralaşmagy başarýan balkanly burawlaýjylaryň şanly ýylymyzyň başyndan bäri gazuw işlerini tamamlan guýularynyň 19-synyň ulanyş maksatly guýulardygyny aýratyn nygtamak gerek. Häzirki wagtda nebitdir gazly bu guýulary senagat taýdan özleşdirmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýan «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylyklaryna mynasyp sowgatly barmak maksady bilen şu günler has çuň gatlaklara ynamly aralaşýarlar.
Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW
Nebitçileriň döwrebap işleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz döwlet derejesindäki geçirýän mejlislerinde, maslahatlarynda, edýän maksatnamalaýyn çykyşlarynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şonuň bilen birlikde-de, gazylyp
Kesbinden kemal tapan halypa
Yhlasyny, ykbalyny sungata bagyş edenleriň ykrary-da başgaça. Ol ykrar, halkyň kalbyndaky hormat-söýgüden başlanyp, ýurt, döwlet derejesine çenli göterilýär, hatda ondan-da belentlige sary ýol salýar. Şeýle ajaýyp ykrara mynasyp bolmak üçin geçilmeli synagdan doly ýollar hem üýtgeşik.
Täze tehnikalar gelip gowuşdy
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp sowgatly barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligine Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen nebit-gaz guýularyny sementleýji enjamlar bilen üpjün edilen awtoulaglaryň 15-si gelip gowuşdy.
Gaz guýulary düýpli bejerilýär
Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan gaz ulgamyna dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijilerinden satyn alyp berýän gaz gurluşyk mehanizmleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň maddy-tehniki enjamlaýyn binýadynyň pugtalanmagyna, edara-kärhanalarda gaz ýataklaryny özleşdirmek işlerini dünýä tehnologiýasynyň tejribesine laýyk guramaga ýardam berýär.
Baýlyk çykaryjylar öňdeligi saklaýarlar
Ýurdumyzyň uly baýlygy bolan tebigy gazyň gazylyp alnyşyny, onuň sarp edijilere iberilişini artdyrmak ugrundaky möhüm işde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň hünärmenleri ýokary başarnyk we yhlaslylyk görkezýärler. Olaryň birleşen tagallalary arkaly üstümizdäki ýylyň tamamlanan döwri üstünliklere beslendi. Şol sebäpli bölegiň işgärleri müdirligiň öňdebaryjylary hasaplanýar.