Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen senesi — her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni türkmeniň watansöýüjiliginiň, mertliginiň, gaýduwsyzlygynyň mertebe baýramyna öwrüldi. Watan goragçylarynyň güni döwletimiziň Garaşsyzlygyny, parahat durmuşyny, çäk bitewüligini gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň we çäksiz hormatyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylda geçiren ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde milli goşunyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlarynyň goragynda sak durmalydygyny hem-de Türkmen döwletiniň harby-syýasy strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmalydygyny belledi. Şunlukda bu strategiýanyň esasy mazmuny ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy nazara alnyp işlenip taýýarlanylan, goranyş häsiýetli Harby doktrinadan hem-de alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrumyzdan ybaratdyr.