«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary şu günler etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda nusgalyk işleri alyp barýarlar. Olar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň ilkinji aýyny netijeli jemlediler. Olaryň häzirki günlerde alyp barýan işleriniň ýokary depgini gubadagly gazçylaryň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şöhratly toýunyň bellenjek ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine beslemek barada göz öňünde tutýan maksatlarynyň myrat tapjakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär.
Edaranyň agzybir işçi-hünärmenleri tarapyndan häzirki döwürde etrabyň çäginde bar bolan dürli basyşly we ululykdaky bitewi gaz ulgamynyň 1351 kilometre golaý ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 370-den gowragyna ýokary derejede hyzmat edilýändigini bellemek bolar. Munuň özi etrabyň ýigrimi müň bir ýüze golaý hojalygynyň we edara-kärhanalarynyň ýylyň islendik möwsüminde tebigy gazdan üznüksiz peýdalanýandygyndan habar berýär. Etrapda iň uzyn gaz geçirijileri Amyderýa we Ýaşlyk geňeşlikleriniň çäginde ýerleşip, olaryň birinjisinde 203 kilometre, soňkusynda bolsa 122 kilometre golaý dürli basyşly gaz ulgamy hereket edýär.