Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy
12:34 16.02.2021 12932
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetine görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna ýolbaşçylyk eden Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Türkmenistanyň Mejlisi degişli Karary kabul etdi.
Kararda bellenilişi ýaly, bu çözgüt Ýagşygeldi Kakaýewiň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny ýokary götermekde, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny giň gerimler bilen ösdürmek we toplumyň halkara energiýa ulgamlaryna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyny durmuşa geçirmekde, pudaga ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny, ýokary hünär derejesini, nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly hem-de halal zähmetini hormatlamak maksady bilen kabul edildi.
Türkmenistanyň Mejlisine Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak baradaky meselä seretmegi Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde belledi.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Ý.Kakaýew ýurdumyzyň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäridi. Örän uly tejribesi bolan halypady. Ol nebitgaz pudagynyň häzirki zaman ulgamynyň emele gelmegine, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine we ösdürilmegine uly goşant goşdy.
Belläp geçsek, Ý.Kakaýew dürli ýyllarda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginde işledi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça döwlet agentliginiň direktory, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi boldy.
Ençeme ýyllaryň dowamynda tehniki ylymlarynyň kandidaty Ý.Kakaýew 80-e golaý ylmy-tehniki işleri we tehnologiki hasabatlary ýazdy, ylmy oýlap tapyşlary üçin 7 sany patent aldy. Ençeme Hökümet sylaglaryna mynasyp boldy.
Ýagşygeldi Kakaýew 2020-nji ýylda 61 ýaşynda aradan çykdy.
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy
Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň täze ilçisi bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy
Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.