Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň we kenarýaka zolagynyň geljegi uly ýataklaryny senagat möçberinde batly depginler bilen özleşdirmek, bu ugurda daşary ýurt kompaniýalaryny we maýalaryny hyzmatdaşlyga çekmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Degişli ugurda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, olaryň hatarynda Singapurda bellige alnan «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy hem bar. Ol 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini jemlemek bilen, Demirgazyk Goturdepe ýatagynda alty guýynyň — 250, 315, 316, 317, 319 we 332-nji belgili guýularyň buraw işleriniň tamamlanandygy barada habar berdi, olaryň her biriniň taslama çuňlugy bäş müň metre barabardyr. Guýulary synagdan geçirmegiň barşynda nebitiň senagat möçberindäki akymlary alyndy.