Mynasyp goşant
09:05 29.07.2026 694
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy dabaraly belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan bäri «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň ep-esli ýokarlanmagynda «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlarynyň mynasyp paýy bar. Muňa häzirki zaman dünýäsiniň kämil enjamlarydyr desgalary bilen üpjün edilen kärhanada şanly ýylymyzyň başyndan bäri gazanylan netijeler hem doly şaýatlyk edýär. Has takygy, gürrüňi edilýän müdirlik boýunça hereket edýän guýulardan alnan «gara altynyň» möçberleri
610 müň 234 tonna barabar boldy. Şonuň netijesinde bu ýerde gazanylan ösüş depgini 105 göterimden hem geçdi.
Göz öňünde tutulandan 61 müň tonna nebit çig malyny artyk çykaran müdirligiň nebitçileri häzirki günlerde iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertdigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.
Yrak her ýylda Türkmenistandan 10 mlrd kub metr gaz satyn almaga taýýar
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde «ýaşyl» energetikanyň ähmiýeti
Häzirki döwürde energiýa çeşmeleri durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen birlikde, daşky gurşawyň abadançylygyna-da güýçli täsir edýän şertleriň biridir.
Duşuşyk geçirildi
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynyň işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň zähmet köpçüligi gatnaşdy.
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.