Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda taslamalary maslahatlaşdy
15:24 29.07.2026 695
28-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Myhman Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmelerine ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Prezident Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň agzasy bolup durýandygyny, bu bank bilen söwda-ykdysady, maliýe-bank ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde energetika, ulag, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary görkezdi.
Ýurdumyz energetika ulgamynda hem hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara ýa-da täze başlangyçlara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Serdar Berdimuhamedow ulag-logistika ulgamyna ünsi çekip, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygyny emele getirmekde berk esas bolup durýandygyny belledi hem-de köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça möhüm işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmagyň möhüm wezipeler bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň agzalan bank bilen bu ugurda-da hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.
Döwlet Baştutany iri maliýe düzüminiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda birnäçe duşuşyklaryň geçiriljekdigini hem-de bu duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertdigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.
Yrak her ýylda Türkmenistandan 10 mlrd kub metr gaz satyn almaga taýýar
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde «ýaşyl» energetikanyň ähmiýeti
Häzirki döwürde energiýa çeşmeleri durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen birlikde, daşky gurşawyň abadançylygyna-da güýçli täsir edýän şertleriň biridir.
Duşuşyk geçirildi
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynyň işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň zähmet köpçüligi gatnaşdy.
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.