DIM: Türkmenistan ÝHHG bilen energiýa howpsuzlygy we durnukly ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmegi teklip edýär
10:03 19.03.2021 8033
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen çarşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda energiýa howpsuzlygynyň we durnukly ulag ulgamynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Taraplar sebit we global ösüş nukdaýnazaryndan, energiýa serişdelerine durnukly elýeterliligiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, dünýäde energiýa serişdeleriniň iri öndürijileriniň we üpjün edijileriniň biri bolmak bilen,Türkmenistan olaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagy boýunça oňaýly gurallaryň döredilmegi ugrunda işjeň hereketleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurt öz nobatynda ÝHHG-niň ýöriteleşdirilen düzüminiň – Durnukly energiýa boýunça Geňeşiniň döredilmegini teklip edipdi.
Şeýle-de duşuşykda ulag we ekologiýa howpsuzlygy boýunça özara hereketleri giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda, ÝHHG-niň «Hazar deňzi sebitinde “ýaşyl” portlaryň we özara baglanşyklylygyň ösdürilmegine ýardam bermek» taslamasynyň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistan Merkezi Aziýada we Kawkazda “ýaşyl” portlary ösdürmek, sanlylaşdyrmak, şeýle-de söwda hem-de ulag gatnawlarynyň amallarynyň ýeňilleşdirilmegine ýardam bermegi maksat edinýär.
ÝHHG-niň Toplumlaýyn ekologiýa maksatnamasyny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça hünärmenleriň duşuşyklarynyň dowam edýändigi bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.