Türkmenistanda Nowruz baýramy mynasybetli goşmaça dynç güni yglan edildi

18:16 21.03.2021 12519

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/1870/original-16056f21f65df5.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji martdaky dynç gününi 23-nji marta geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Resminamada bellenilişi ýaly, bu çözgüt Milli bahar baýramyny — Nowruz baýramyny ýokary derejede belläp geçmek hem-de halkyň dynç almagy üçin oňaýly şertleri döredip bermek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanda Nowruz baýramy 21-22-nji martda bellenilip geçilýär. Şu ýyl baýramyň birinji gününiň ýekşenbe gününe düşýändigi sebäpli, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi.

Şeýlelikde, 2021-nji ýylda türkmenistanlylar Milli bahar baýramyny üç günläp — 21-23-nji martda belläp geçerler.

Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara karardan gelip çykýan görkezmeleri ýerine ýetirmek tabşyryldy.

Başga makalalar
1680337e5734d7.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady

18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16324066987217.jpeg
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni

«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:


16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.