ARKADAGYŇ SUNGATY SEN, AŞGABAT!

15:56 29.04.2021 772

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2099/original-1608a90d974c9a.jpeg

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Paýtagtym— ak bagtym, ykbalym sende,
Şöhratly geljege ak ýolum sende,
Ylhamym,
                joşgunym, 
                                 ahwalym sende,
Merjen şäher, şöhrat-şanym, Aşgabat,  
Jümle-jahan genji-känim, Aşgabat.

Mermer paýtagt bu gün bagtyň mesgeni,
Belentden ýaňlanýar çaga sesleri,
Watan—sungatlaryň kämil mekdebi,
Dost-doganlyk merkezi sen, Aşgabat,
Gül Watana mertebe sen, Aşgabat!

Baky  dowamatdyr milletleň ruhy,
Arşyňda parlaýar doganlyk tugy,
Türkmenistan—dünýäň gülleýän ýurdy,
Ak ýollaryň bagta rowan, Aşgabat,
Gül-gunçaly baky juwan, Aşgabat.

Şaýollaryň köşgi-eýwan içinde,
Seýilgähleň läle-reýhan içinde,
Şöhrat-şanyň dünýä seýran içinde,
Aýdym-sazly, ajap mukam, Aşgabat!
Arkadagly, jennet mekan, Aşgabat!

Täze ak ýollaryň ýagtydan ýagty,
Sen Watan ýüregi, milletiň bagty,
Ruhy ymaratlaň tylladan tagty,
Giň äleme  sen şöhrat-şan, Aşgabat,
Ak binalaň köşgi-eýwan, Aşgabat!

Mermer paýtagt, dünýä beýik mertebe,
Dost-doganlar gelýär dostluk merkeze,
Merjen keşbiň ýalkym saçýar  ertire,
Sen millete beýik ykbal, Aşgabat,
Ösüşleriň dünýä ykrar, Aşgabat!

Gökde ganat kakýar köňül guşlary,
Çüwdürimleň möwji köňül joşlaryň,
Beýik zamananyň beýik işleri,
Bu gün sende rowaç alýar, Aşgabat,
Sen mertebe, ynam-ygrar, Aşgabat!

Gije yşyklaryň nurdan-nurana,
Tylla köşkleriň bagta seýrana,
Seň yşkyňda köňüllermiz perwana,
Ajap söýgi agşamy sen, Aşgabat,
Baky bagtyň röwşeni sen, Aşgabat!

Täze seýilgähler—bagtyň mesgeni,
Äleme ýaň salýar mukam sesleri,
Zamananyň merdanalyk mekdebi,
Toý-baýramyň mekany sen, Aşgabat,
Baky bagtyň mukamy sen, Aşgabat!

Arşyňda arzuwlar gezer  messana,
Waspyň  sygmaz aýdym, gazal-dessana,
Dost-doganlar gelýär Türkmenistana,
Jümle-jahan gymmaty sen, Aşgabat,
Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat!

          JÜMLE-JAHAN JENNETI SEN, AŞGABAT

Arşdan saňa nur ygtybar, Perwerdigär mähri sende,
Arkadagly ýurt Berkarar, köşgi-eýwan, şähri sende,
Döwlet abat, il bagtyýar, beýik döwrüň ähti sende,
Bagtyň Arşdan permanlydyr, goýnuň mydam ýaz, Aşgabat,
Ak arzuwlaň perwazlydyr, aýdym, mukam, saz, Aşgabat!

Amul—bahry-Hazarymda köňlüm joşýar tolkun-tolkun,
Beýik işleň nazarynda, ýerden arşa düşýär ýalkym,
Dünýäň mukam-gazalynda Arkadag göterdi bagtyň,
Sarsmaz Watan penasynda gazal-dessan, saz, Aşgabat,
Ýürekleriň senasynda, bir Arşy owaz, Aşgabat!

At-owazaň ýaňlanyp dur jümle-jahan münberinde,
Zeminde—saz, asmanda--nur, parahatlyk ýaňlarynda,
Dünýä-uçmah, melekler—hüýr milli türkmen heňlerinde,
Täze Ýüpek ýollarynda äleme telwas, Aşgabat,
Guşlaryň owazlarynda asmanda perwaz, Aşgabat!

Bagtyýarlyk kenarynda täze merjen şäherim sen,
Beýik türkmen ykbalynda hiç sowulmaz baharym sen,
Peder asly dowamynda geljege ak säherim sen,
Täze-täze ymaratlar şöhrat-şanyňda, Aşgabat,
Watan—baky keramatdyr, jiger-janymda, Aşgabat!

Kalbyň—uçmah,  roýuň--jennet, asman-zemin şalygynda,
Keşbiň—sungat, bagtyň—sungat, dutar-gyjak, saz eliňde,
Sen—hazyna, baýlyk-hümmet, tarypyň Arşyň deňinde,
Dessan eýlesem her bapdan, her köňülde sen, Aşgabat,
Geýen lybasyň zerbapdan, her gülünde sen, Aşgabat!

Bu gün seniň keşbiň synlap, göwünlermiz ganatlydyr,
Döwrüň ençe köşgün synlap, gözel mekan zynatlydyr,
Dünýäň saňa yşkyn synlap, gadym toprak h:a:latlydyr,
Sende aýdym-gazal joşýar, sungatymda sen, Aşgabat,
Arkadagyň dünýä äşgär jennetinde sen, Aşgabat!

                                               AŞGABAT MUKAMY

Yklym-yklym dünýelere ýagty sen,
Köňülleň guwanjy, halkyň bagty sen,
Gül Diýaryň köşki-eýwan, tagty sen,
Şähristanlaň täjimi sen, Aşgabat!?

Aňryňa seretseň, kerem-keramat,
Sagryňa seretseň, giden ymarat,
Mähriban sen, Gahryman sen – ybadat,
Muhabbetiň möwjümi sen, Aşgabat!?

Arşyňda humaýun ganat kakandyr,
Kürsüň, degre-daşyň – durkuň Watandyr.
Sende pederleriň ruhy ýatandyr,
Beýik ruhlaň güýjümi sen, Aşgabat?!

                           * * *

Gör, nije synaga döz gelen şäher,
Täzeden döreýip, özgeren şäher,         
Göwsüňde nije jan gizlenen şäher,
Ençe gözleň ýaşymy sen, Aşgabat?!

Sende Hak enweri-şuglasy görner,
Kalbyňda ýaşaýşyň tugrasy görner,
Sende barçaň ruhy kyblasy görner,
Pederleriň düýşümi sen, Aşgabat?!

* * *

Yşky enwer köşki-eýwan içinde,
Müşki anwar läle-reýhan içinde,
Beýik Galkynyşly zaman içinde,
Täze döwrüň röwşeni sen, Aşgabat!

Bu gün saňa Hakyň nazary düşdi,
Saňa siňdi türkmen kalbynyň yşky,
Gündiziňde görner muhabbet keşbi,
Ajap söýgi agşamy sen, Aşgabat!

Gül Watanyň mertebesi, şany sen,
Göýä Isgenderiň gudrat jamy sen,
Milli Lider buýsanjy sen, jany sen,
Täze dünýäň öwşüni sen, Aşgabat!

Türkmene sejgegäh, togap-Käbe sen,
Halk yşkyndan nowjuwan sen, täze sen,
Alla seni penasynda gorasyn!
Galkynyşlaň öwşüni sen, Aşgabat!
Milli Lider buýsanjy sen, Aşgabat. 
Gül Watanyň röwşeni sen, Aşgabat!

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.

Başga makalalar
162b16371b60b4.jpeg
Işleriň ilkinji tapgyry tamamlandy

Türkmenabat nebit kärhanasynyň Zerger şahamçasynyň durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işlere girişilendigi barada gazetimizde ozal habar beripdik. Ýakynda kärhananyň gurluşyk boýunça baş hünärmeni Batyr Joraýew bilen habarlaşyp, degişli gurluşyk-gurnama işleriniň barşy bilen gyzyklandyk.


1612e0025dbf57.jpeg
Möwsüme taýýarlyk baş wezipe

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary häzirki döwürde demirgazyk welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda, gaz desgalaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda hem depginli işleri alyp barýarlar.


1612e007473471.jpeg
Döwrebap zähmetiň netijesi

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baý döwletleriniň hataryna girmek bilen, ýangyç-energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de olary üstünlikli durmuşa geçirmekde tutanýerli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýär.


16193552369e12.jpeg
Nebitgaz pudagynyň geljegi: «düşbi guýular» we «sanly ýataklar»

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagatyny ösdürmek, onuň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek wezipelerine uly üns berýär, hut şunuň esasynda hem bu pudaga uly möçberdäki maýa goýumlary goýulýar. Bu işler dünýäde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşine goşandyny üpjün etmäge gönükdirilendir.


161935565b8b3b.jpeg
Pudagyň ösüşli menzilleri

Ýene-de az wagtdan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly tamamlanyp, täze — 2022-nji bars ýylyna gadam basýarys. Bars haýwanat dünýäsinde iň batyr, güýçli, edermen hasap edilýär. Türkmençilikde ýigitleriň batyrlygy barsa deňelýär. Batyrlygyň nyşany täze bars ýylynda zähmetsöýer halkymyzyň gaýratly işleri bilen möwritini geçirip barýan ýylda gazananlaryndan-da ýokary netijelere eýe boljakdygyna şübhelenmese bolar.