Türkmenistanyň nebitgaz toplumy: düzüme maýa goýumlar we innowasiýalar
22:34 30.07.2021 31508
Ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwrebap tehnologiýalary hem-de usullary ulanmak arkaly çig nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, nebit guýularyny abatlamak, harytlyk nebitiň gaýtadan işleýän kärhanalara üznüksiz iberilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak hem-de sarp edijileriň bu önüm bilen ygtybarly üpjün edilmegini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýerasty gaz saklawhanalarynyň gurluşygynyň meselelerine işjeň çemeleşmegiň zerurdygy bellenildi.
Ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan geologiýa-gözleg hem-de buraw işleriniň, şol sanda Hazar deňziniň geljegi uly kenarýaka zolaklarynda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu işe iri nebitgaz kompaniýalaryny hem-de maýadarlaryny çekmegiň zerurdygyny belläp, iki aý möhletde bu barada degişli teklipleri bermegi tabşyrdy.
Amatly maýa goýum ýagdaýyny we işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin zerur şertleri döredýän Türkmenistan energetika pudagynda uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýet berýär. Nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyz dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, şeýle hem maýa düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan bähbitliligi, durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri bolup durýar.
Türkmenistan bilen Hytaýyň nebitgaz pudagyndaky netijeli gatnaşyklaryň milli bähbitlere we iki dostlukly döwletiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk derejede ösdürilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu ugurda köpýyllyk bilelikdäki işleriň netijeleri boýunça oňyn tejribe toplandy. “Mawy ýangyjy” dünýä bazarlaryna köpugurly esasda ugratmaga we gaz senagatynyň eksport mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalar munuň aýdyň netijesidir. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi bar. Onda Ýewropanyň we Aziýanyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek, Amyderýanyň kenaryndaky känleri özleşdirmek meseleleri öz beýanyny tapdy.
Hytaý kompaniýasynyň dünýäniň iri “Galkynyş” gaz känini döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagy netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Bu käniň açylmagy ýurdumyzyň dünýäniň energetika döwleti hökmündäki derejesini pugtalandyrdy. Mundan başga-da, Hökümetara ylalaşyklara laýyklykda, bu geljegi uly käni ulanyşa girizmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek üçin Hytaýyň Döwlet ösüş banky “Türkmengaz” döwlet konsernine karz serişdelerini berdi. Häzirki döwürde karz alnan maliýe serişdeleri doly yzyna gaýtaryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň şunuň bilen baglylykda belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan durnukly ösüş depginlerini we maliýe-ykdysady durnuklylygyny saklaýar. Ýurdumyzda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda innowasion ugurlara, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Amala aşyrylýan özgertmeler ähli gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynda ýola goýulýan gatnaşyklar özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açar.
Tebigy gazyň ykrar edilýän gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär we Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” eksport edýän esasy ýurtlaryň hataryna girýär. Amatly geosyýasy ýagdaýy we uglewodorod serişdelerine baý bolan ýurdumyz dürli ugurlarda, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlary boýunça gazyň eksportyny artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Häzirki döwürde Merkezi Aziýa — Hytaý ugrunyň çig malynyň binýady we halkara ugrunyň düzümleri berkidilýär. Täze gaz känleri “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde tapgyrma-tapgyr ulanmaga berilýär. Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygyň şertlerinde Hytaý milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bu kände gözleg işlerini alyp barýar we ony döwrebaplaşdyrýar.
Şu ýylyň ýanwar aýynda “Malaý” ýatagynda täze kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi türkmen tebigy gazynyň HHR-e uzak möhletleýin esasda durnukly iberilmegini üpjün etmekde möhüm ädime öwrüldi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir. Täze energetika magistraly diňe bir türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşi, parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegi üçin kuwwatly binýatdyr.
Hazaryň türkmen böleginiň we onuň kenar ýakalarynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň we oňa daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň ösüşiniň esasy ugry bolup durýar. Bu ýerde BAE-niň “Dragon Oil”, Malaýziýanyň “Petronas”, Italiýanyň “Eni” ýaly dünýä belli kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyk esasynda işleýärler.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama Hazar sebitiniň energetika mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açdy. Şu günler Aşgabatda türkmen-azerbaýjan iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Onda öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi baradaky meselelere garalýar.
Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyş derejesini saklamak netijeli tehnologiýalary we känleri işläp taýýarlamagyň täzeçil usullaryny ulanmak arkaly üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Onuň bilen geçen ýyl «Goturdepe» ýatagynda nebit çykarylyşyny artdyrmak we guýulary düýpli abatlamak boýunça serwis hyzmatlarynyň berilmegini öz içine alýan goşmaça ylalaşyk gazanyldy. Şeýlelikde, ozal hereket edýän şertnama 2028-nji ýyla çenli uzaldyldy. Maýa goýumlary gaýtarmak täzeden dikeldilen guýulardan alynýan goşmaça nebitiň hasabyna amala aşyrylar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmeginde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberleriniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda nebithimiýa, himiýa we elektroenergetika pudagyna degişli uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işleýän häzirki zaman senagat toplumlary guruldy.
Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda benzin önümçiligi boýunça gurnama, ýokary dykyzlygy bolan polietilen we dürli görnüşli polipropilen öndürýän Gyýanlydaky polimer zawody, şeýle hem Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji kärhana Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we banklarynyň gatnaşmagynda gurlup ulanmaga berildi. Bu kärhanalaryň önümlerine bolan isleg artýar we olaryň eksport ugurlary giňelýär.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna möhüm üns berilýändigini bellemek gerek. Bu toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň dörtden bir bölegi öndürilýär. Toplumda ýokary oktanly etilirlenmedik awtomobil we uçar ýangyjy, yşyk we tehniki kerosin, suwuklandyrylan nebit gazy, dizel ýangyçlaryň birnäçe görnüşleri, çalgy ýaglar, polipropilen we elektrodly taplanan koks, ýol we gurluşyk bitumy öndürilýär.
Häzirki döwürde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslama we gudrony arassalaýan täze gurnama ornaşdyrylýar. Munuň özi nebitiň düýpli gaýtadan işlenýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, taslama kuwwaty sagatda 70 megawat bolan iki sany turbinaly energobloguň gurluşygy alnyp barylýar. Ol hereket edýän we täze gurulýan desgalaryň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçiligini ýola goýar.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda 20 — 25 we 30 mikrometr galyňlygy bolan gaplama plýonkalaryň, süýji-köke gaplanylýan dürli galyňlykdaky polipropilen plýonkalaryň önümçiligi ýola goýlar. Plýonkalaryň bu görnüşleriniň her ýylda 2 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Olar içerki we daşarky bazarlara ugradylar.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda izobutanyň, metanolyň we beýlekileriň önümçiligi boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda giňden ulanylýan wodorodyň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçilikleriniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ykdysadyýetiň innowasion ulgamyny ösdürmäge we eksportyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň açyklyk häsiýete eýe bolmagy, ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, amatly maýa goýum ýagdaýy dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.
Gerimli we netijeli gözlegler
Biz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň baş geology Şanazar Anarow bilen habarlaşyp, şanly ösüşlere, taryhy wakalara baý bolan ýylyň geçen aýlarynda ýetilen sepgitler bilen tanyşdyk.
IV. Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne
Has iri bölekleýin gurmak-gurnamak işleriniň ýokary netijeliligi Şatlyk gazkondensat käninde subut edilenden soň, bu usul gorlarynyň göwrümi boýunça ägirt uly gaz känleriniň hataryna girýän Döwletabat — Dönmez gazkondensat käninde hem ulanyldy we onuň netijesinde käni özleşdirmek işleriniň wagty iki esse diýen ýaly gysgaldyldy. Bu bolsa halk hojalygyna onlarça million manatlyk peýda getirdi. Känleri özleşdirmegiň bu usuly Üçajy, Seýrap, Malaý, Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Ýolguýy hem-de ulanyşa taýýarlanylýan beýleki gaz we gazkondensat känlerinde ulanyldy.
Beýik başlangyçlar rowaçlanýar
Ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň bellenilýän dekabr aýynda beýik başlangyçlaryň birnäçesine ak pata berlip, uly öwrülişikler nebitgaz ulgamynda hem amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda dört döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlipdi. Bu halkara gaz geçirijisi Türkmenistanyň çäginden Hindistana çenli 1814 kilometre uzalyp gidýär.
Hem gymmatly, hem islegli baýlyk
Türkmenistan ýoduň gorlary boýunça dünýäde öňdäki döwletleriň hatarynda tanalýar, Garaşsyz döwletimiziň sebitde ilkinji, tutuş dünýäde bolsa, dördünji bolup, öz halkyny ýodlaşdyrylan nahar duzy bilen üpjün eden ýurtdugyny hem aýtmak gerek. Mukaddeslige deňelýän bu önümi talabalaýyk ýodlaşdyrmakda zerur bolan çig mal hem öz Diýarymyzdan alynýar.
Suw arassalaýjylaryň hyzmaty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatynyň çägindäki gaz känlerinde täze ulanyş guýularynyň önümçilige girizilmegi bilen «Marygazçykaryş» müdirligi boýunça tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberleriniň artmagynda hyzmat ediş kärhanalarynyň her biriniň mynasyp goşandy bardyr.