IV. Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

15:47 23.07.2024 25925

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/11447/original-1669fd0aac1a64.jpg

Has iri bölekleýin gurmak-gurnamak işleriniň ýokary netijeliligi Şatlyk gazkondensat käninde subut edilenden soň, bu usul gorlarynyň göwrümi boýunça ägirt uly gaz känleriniň hataryna girýän Döwletabat — Dönmez gazkondensat käninde hem ulanyldy we onuň netijesinde käni özleşdirmek işleriniň wagty iki esse diýen ýaly gysgaldyldy. Bu bolsa halk hojalygyna onlarça million manatlyk peýda getirdi. Känleri özleşdirmegiň bu usuly Üçajy, Seýrap, Malaý, Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Ýolguýy hem-de ulanyşa taýýarlanylýan beýleki gaz we gazkondensat känlerinde ulanyldy.

Döwletabat gazkondensat käni 1974-nji ýylyň ýanwar aýynda 1-nji belgili ölçeg (parametriki) guýudan 2 müň 292 metr çuňlukdan synag işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymynyň alynmagy bilen açyldy. Döwletabat gurluşy (strukturasy) 1969 — 1971-nji ýyllarda geçirilen seýsmiki gözleg-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Gaz ýatagy tektoniki taýdan Gümmezli-Döwletabat gemiantiklinalyna we Bathyz-Garabil monoklinal ýapgydyna degişlidir.

Käni senagat taýdan ulanyşa taýýarlamak üçin gözleg-barlag guýularynyň burawlanmagy bilen neogen-çetwertik, paleogen, hek, ýokary ýura we perm-trias döwürlerinde dörän çökündileriň üsti açyldy.

Döwletabat — Dönmez ýatagy geologik taýdan biri-biri bilen baglanyşykly bolan, şertli ýagdaýda üç sany, ýagny Döwletabat-1, Döwletabat-2 we Döwletabat-3 böleklerden durýar. Bu känler degişlilikde 1982-nji, 1984-nji we 1988-nji ýyllarda guýulary blok ulgamynda ýerleşdirmeklik bilen işläp geçmeklige girizildi.

Döwletabat — Dönmez gazkondensat käni Türkmenistanyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýär. Ol Ahal welaýatynyň Sarahs we Mary welaýatynyň Ýolöten etraplarynyň çägindedir. Käniň demirgazyk-günbatar golaýynda Sarahs şäherçesi ýerleşip, uzynlygy 18 kilometr asfalt ýol käni şäherçe bilen birleşdirýär. Golaý iri ilatly nokat Tejen şäheri käniň 125 kilometr demirgazyk-günbatarynda bolup, onuň 100 kilometr demirgazygynda Şatlyk, 50 kilometr demirgazyk-gündogarynda «Galkynyş» käni, 40 kilometr günorta-gündogarynda Gurrukbil gazkondensat känleri bar.

Orografiýa nazardan sebit Bathyz baýyrlygynyň demirgazyk-günbatar bölegini, Köpetdagyň gündogar çägini we baýyrlyklaryň Garagum düzlügine öwrülýän bölegini öz içine alýar.

Sebitiň relýefinde düzlügräk ýerler köpräk bolup, käniň günorta tarapynda beýikligi 100 metr aralygynda üýtgeýän baýyrlyklar, demirgazyk-gündogarynda çäge ulgamlarynyň hatarlary ýaýran.

Gazly etrabyň günorta-gündogar tarapynda beýik bolmadyk Garanymbaýyr we Kesikburun gerişleri we beýikligi +475 +653 metre ýetýän we beýleki baýyrlardan saýlanýan Gümmezli, Hangyry, Ajarly baýyrlyklary ornaşan. Demirgazyk-günbatarynda Hor-Hor suw howdanynyň töwereginde relýef birneme tekizlenýär.

Bu käniň işlenip geçilýän şatlyk önümli gatgatlanmasynyň (gorizontynyň) geologik kesimi çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar.

Käniň Döwletabat-1 bölegi kükürtsiz zolakda ýerleşmek bilen gazkondensatlydyr. Ol ýerde gazy taýýarlaýan 3 sany tehnologik desga bolup, olaryň her biriniň öndürijiligi gije-gündizde 5 million kub metre deňdir. Döwletabat-1 böleginiň gazy GIAD-dan (gazy ilkinji arassalaýan desga) Döwletabat-2 käninde ýerleşýän täze gurlan gaz gysyjy desgasyna (GGD) gelýär. Soňra bolsa GGD-den gazy gysmak üçin GGD-2-niň girişine goýberilýär, şeýle hem ol ýerde gaz gutarnykly ýagdaýda guradylýar we arassalanýar.

Döwletabat-2 käninde GIAD-laryň 4 sanysy ((2,3,5,8-nji belgili) ýerleşýär. Taslama boýunça olaryň her haýsysynyň geçirijilik ukyby ýylda 5 milliard kub metre deňdir. Olaryň umumy öndürijiligi ýylda 20 milliard kub metre barabardyr.

Döwletabat-3 käninde GIAD-laryň 4 sanysy ((1,4,7,9-njy belgili) ýerleşýär. Taslama boýunça olaryň her haýsysynyň geçirijilik ukyby ýylda 5 milliard kub metre deňdir. Olaryň umumy öndürijiligi ýylda 20 milliard kub metre barabardyr. Baş desga-2 Döwletabat gazkondensatly käniniň kükürtli böleginde ýerleşýär. Onuň taslama kuwwatlylygy haryt gaz boýunça ýylda 20 milliard kub metre deňdir. Döwletabat-3 känindäki 2-nji Baş desgada GIAD-1,4,7,9 we Gurrukbil käniniň gazy taýýarlanýar. Baş desga-2-de jemi 4 sany kükürtden arassalaýjy bölek (blok) işleýär.

Oraznazar HEŞDEKOW

Başga makalalar
166d6802ff2da5.jpg
X. Türkmenistanyň gaz senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda: «Galkynyş» gaz käni — dünýäniň iri gaz ýatagy

Tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça ägirt uly hasaplanýan «Galkynyş» käninde gurlan gaz arassalaýjy we taýýarlaýjy baş desgalar toplumy 2013-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.


168ac94d61276f.jpg
Nebitçileriň ýakyn ýardamçylary

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykyryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň «Goturdepe» gaz gysyjy desgasynyň hünärmenleridir işçileri ýokary sepgitlere eýe bolmak bilen netijeli zähmet çekýärler.


168b5e17325b44.jpg
Tebigy gazyň eşreti

Döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretleriň biri — tebigy gaz bilen ilaty ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün etmek gaz hojalyk edaralarynyň işgärleriniň baş aladasy bolup durýar. Häzirki günlerde bolsa olar gaz geçirijileri, gaz desgalarydyr enjamlaryny jogapkärli döwür hasaplanylýan güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işlerini tehnologik talaplara laýyk ýokary depginde alyp barýarlar.


166d68057b5552.jpg
Geofizikleriň gaýratly gadamlary

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary nebitli-gazly ýataklary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýarlar. Bu ugurda konserniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginde mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy belentden toýlanjak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bitirilýän işler has-da öwgä mynasypdyr.


16385a6da3891f.jpeg
Hem gymmatly, hem islegli baýlyk

Türkmenistan ýoduň gorlary boýunça dünýäde öňdäki döwletleriň hatarynda tanalýar, Garaşsyz döwletimiziň sebitde ilkinji, tutuş dünýäde bolsa, dördünji bolup, öz halkyny ýodlaşdyrylan nahar duzy bilen üpjün eden ýurtdugyny hem aýtmak gerek. Mukaddeslige deňelýän bu önümi talabalaýyk ýodlaşdyrmakda zerur bolan çig mal hem öz Diýarymyzdan alynýar.