Güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işleri başlandy

07:11 26.08.2020 10087

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/399/original-15f2d19d0e4eb4.jpeg

Mary welaýatynyň «Ýolötenetrapgaz» gaz hojalyk edarasy guramaçylyk-tehniki işleriň toplumyny ýerine ýetirmäge girişdi. Bu işleriň durmuşa geçirilmegi gaz hojalygyny geljek güýz-gyş möwsümde ygtybarly we howpsuz ulanmaklygy üpjün etmeklige gönükdirilendir.

Ähli sarp edijilere güýz-gyş möwsüminde bökdençsiz hem üznüksiz gaz üpjünçiligi üpjün etmek maksady bilen kärhanada gaz üpjünçilik ulgamlary abatlamak, gaz geçirijileri toplumlaýyn enjamlaýyn barlamak, olaryň tehniki ýagdaýyny bahalandyrmak, turba geçirijilerini çalyşmak boýunça işler alnyp barylýar.

Hususan-da, hünärmenler Ýolöten etrabynyň çäginden geçýän umumy uzynlygy 923 km bolan dürli basyşly gaz geçirijileriniň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler. Bu etrabyň çäginde hünärmenler 29 sany gaz paýlaýjy we 320 sany gaz sazlaýjy desgalara tehniki hyzmat işlerini ýerine ýetirýärler.

Soltanbent, Ýeňiş, Ýaşlyk geňeşliklerinde ýyladyş möwsüminiň başyna çenli gazçylar 2182 metr ýerasty gaz geçirijilerini abatladylar, 487 metrlik ýerasty turba geçirijilerini çalyşdylar. Şeýle hem uzynlygy 850 metr bolan pes basyşly gaz geçirijiniň diametrini ulaltmak we ony abatlamak boýunça işleri ýerine ýetirildi. Etrabyň obalarynda we şäherçelerinde kuwwatly gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalara oturdyldy. Bu bolsa etrabyň ýaşaýjylaryny «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

«Ýolötenetrapgaz» gaz hojalyk edarasy ilat arasynda hojalykda gazdan howpsuz peýdalanmak boýunça wagyz işlerine aýratyn üns berýärler. Işgärler zerur bolan serişdeler, materiallar we ýörite tehnikalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa gaz torlarynda meýilleşdirilen abatlaýyş-taýýarlyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetiriljekdigine ynam bilen aýtmaga esas berýär.

Başga makalalar
162205fcc7ddc3.jpeg
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki mümkinçilikleri has giň gerimde ulanylyp bilner — Türkmenistanyň DIM-i

Çarşenbe güni Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


16221b61c4e760.jpeg
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurduň Prezident saýlawlary üçin 2726 milli synçylary bellige aldy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-syny bellige aldy. BU barada MST-niň saýtynda habar berilýär.


16220630a6bcda.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.


164ccb95c69b3f.jpg
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabatda sammitde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar

Şu gün, 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär diýip, TDH habar berýär.