ŽURNALYŇ TÄZE SANY NEŞIR EDILDI
07:09 26.08.2020 11056
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky täze sany çapdan çykyp, öz okyjylaryna gowuşdy.
Neşiriň täze sany Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Şahym Abdrahmanowyň «Buraw erginleriniň ýuwdulmasynyň öňüni almagyň usullary» atly makalasy bilen açylýar. Önümçiligi ýokarlandyrmakda, ýagny nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmakda buraw erginleriniň ýuwdulmasynyň öňüni almak möhüm mesele bolup durýar. Makalada hem buraw erginleriniň ýuwdulmagyna garşy tehnologiýany işläp düzmekde amala aşyrylan we alnyp barylýan işler, buraw erginleriniň himiki düzümi we häsiýetleri, daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň ornuny tutýan ýerli çig mallary öndürmek, ýagny buraw erginleriniň ýuwdulmasynyň öňüni almak üçin ulanylýan kolmatantlary ýerli çig mallaryň esasynda taýýarlamak, bentonitiň siňdirme häsiýetiniň guýulary arassalamakda amatly çözgütdigi we beýlekiler barada düýpli gürrüň gozgalýar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa bölüminiň esasy ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Muhammetnur Halylowyň «Türkmenistanda ýokary kükürtli gaz känlerini özleşdirmegiň geljegi» diýen makalasy hem žurnalyň şu sanynyň esasy makalalarynyň biridir. Makalada kükürtli gaz gorlaryna eýe bolan Galkynyş, Ýaşlar, Garakäl, Garajaowlak toplumlarynyň açylmagynyň netijesinde tebigy gazyň çykarylmagynyň köp derejede diňe bir kükürtsiz we az kükürtli gazlar bilen bagly bolman, eýsem, ýokary kükürtli gazlara-da degişlidigi bellenilýär. Geljekde kükürtli gazyň çykarylyşynyň artmagy bilen kükürdi dünýä bazarynda ýerlemekde käbir meseleleri ýüze çykarýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty tarapyndan kükürdi ütülleşdirmek, peýdalanmagyň we saklamagyň ugurlary boýunça hem-de ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgütlerine degişli işler alnyp barylýar. Olaryň hatarynda hususan-da, kükürdi uzakmöhletleýin saklamagyň usullaryny işläp düzmek, kükürdi içki bazarda peýdalanmagyň usullaryny işläp düzmek, kükürdi eksport etmek meselesi görkezilýär. Makalada Galkynyş käniniň mysalynda Türkmenistanda ýokary kükürtli gaz känlerinden gaz çykarmak prosesinde kükürdi öndürmegiň we kükürtli wodorody ýerasty gatlaklara goýbermeklige degişli gozgalýan meseleler ekologiýa we ykdysady nukdaýnazardan hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenmekligi hem-de amatly çözgüdi kabul etmekligi talap edýändigi beýan edilýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanowyň we Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň bölüm başlygy, tehniki ylymlaryň doktory, professor Annamyrat Aşyrowyň «Tebigy gazy gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary» atly makalasynda bolsa häzirki wagtda Türkmenistanda gazy gaýtadan işlemegiň ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-taslama we gurluşyk işleri hakynda söhbet açylýar hem-de ol işlere ylmy nukdaýnazardan seljerme berilýär. Şunda tebigy gazy ilkinji gaýtadan işlemek, tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemek, gazyň konwersiýasy meseleleri derňelýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň esasy inženeri Enejan Kepbanowanyň «Türkmenistanyň şaly şulhasyny karbonirlemek arkaly aktiwirlenen kömri almak» diýen makalasynda barlaghanada geçirilen synaglaryň barşynda alnan netijeler beýan edilýär. Barlaglaryň netijesinde tebigy gazy dürli garyndylardan arassalamak üçin serişde hökmünde şaly şulhasyny ulanmak babatda oňaýly çaklamalary etmäge mümkinçilik görkezilýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň 2-nji derejeli inženeri Çynar Geldiýewanyň žurnalyň täze sanyndaky makalasy anomal pes gatlak basyş şertlerinde nebit we gaz guýularyny burawlamakda köpürjikli erginleri ulanmak baradadyr. Mälim bolşy ýaly, nebit we gaz guýularyny burawlamagyň tehniki-ykdysady netijeliliginiň ýokarlanmagy köp babatda buraw erginleriniň has amatly görnüşleriniň ulanylyşyna baglydyr. Buraw erginlerini taýýarlamak we kadalaşdyrmak üçin ulanylýan himiki serişdeleri we reagentleri peýdalanmak arkaly burawlamagyň tizligini ýokarlandyrmak erginlere bildirilýän esasy talaplaryň biridir. Anomal pes gatlak basyşly nebit we gaz känlerinde köp ýylyň dowamynda geçirilen tejribe senagat işleri köpürjikli erginleriň ýokary netijeliligini subut etdi. Awtor şu we buraw erginlerini taýýarlamagyň beýleki netijeli ugurlary barada gürrüň gozgaýar.
Mahlasy, žurnalyň nobatdaky sanynda ýerleşdirilen makalalar günüň möhüm meseleleriniň gozgalýandygy bilen tapawutlanýar.
Hytaý maý aýynda tebigy gazyň rekord derejesini import etdi
2023-nji ýylyň maý aýynda Hytaý suwuklandyrylan tebigy gazy we turba geçiriji ibermelerini hasaba alanyňda 13,51 mlrd kub metr tebigy gaz import etdi. Bu görkeziji maý aýy üçin taryhy rekord bolup durýar.
Nebitgaz toplumynda alty aýyň jemlerine garaldy
15-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
HEA 2023-nji ýylda ilkinji gezek dünýäde nebite bolan islegiň çaklamasyny peseltdi
Halkara energetika agentligi (HEA) 2023-nji ýylda ilkinji gezek dünýäde şu ýylda nebite bolan islegiň çaklamasyny günde 170 müň barrele çenli aşaklatdy. Bu agentligiň hasabatyndan görünýär.
Ýarym ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
Durmuşa geçirilen çäreleriň netijesinde 2023-nji ýylyň alty aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde artdy. Bu barada wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde aýtdy.
Ilkinji hyzmatdaşlar we çykyş etjekler «OGT Türkmenistan -2023» XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjakdygyny tassykladylar
Yug-Neftegaz kompaniýasy 2023-nji ýylyň 25-27-nji oktýabrynda geçiriljek OGT-2023 Halkara sergisinde we maslahatynda kümüş hyzmatdaşlygyny tassyklady. Bu barada çäräniň Guramaçylyk komiteti mälim edýär.