Nebithimiýa senagaty ykdysadyýetiň möhüm pudagydyr
Garaşsyz Türkmenistan
GDA döwletlerinden ilkinji bolup etilirlenen benzini öndürmegi bes etmek bilen,
awtomobil ýangyjynyň ýokary oktanly görnüşleriniň önümçiligini artdyrdy. Ýurt
üçin täze önümiň — propileniň gomopolimerleriniň, çalgy ýaglarynyň önümçiligi
özleşdirildi.
Häzirki wagtda
nebithimiýa senagatynyň sebitde iri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek ýola goýulýar.
Bu
babatda
TNGIZT-de A-98 kysymly awtobenziniň önümçiliginiň ýola goýulmagy bellenilmäge mynasypdyr. Ýangyjyň bu görnüşi dünýä