Energetiki howpsuzlyk meseleleri — Halkara maýa goýum forumynyň üns merkezinde
11:34 01.04.2022 11982
«Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň çäginde ählumumy energiýa ulgamynyň geljegi we sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Forumyň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar.
«Dünýäniň 35 döwletinden ýüzden gowrak kompaniýanyň maslahata gatnaşmagy daşary ýurt kompaniýalary üçin Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiliginiň artýandygyna şaýatlyk edýär — diýip, Döwlet ministriniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Batyr Amanow nygtady.
«Ählumumy energiýa ulgamynyň geljegi» atly plenar mejlisde eden çykyşynda B.Amanow Türkmenistanyň Aziýanyň nebit gaz bazarynyň iri gatnaşyjylarynyň biri bolup durýandygyny belledi, Ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleri 71 milliard tonna nebit barabarlygynda bahalandyrylýar. Şolardan 20 milliard tonnasy nebit we 50 milliarddan gowragy bolsa tebigy gaz. Bu maglumatlara laýyklykda, by günki gün Türkmenistan tebigy gazyň ätiýaçlyklyk gorlarynyň subut edilen möçberi babatda Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dördünji orunda durýar.
Türkmenistanda ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýan kuwwatly serişdeler binýadynyň bardygy bellenildi. Dünýädäki iri “Galkynyş” gaz käni häzirki wagtda uzak möhletli hyzmatdaşlyga gönükdirilen anyk taslamalar bilen baglylykda, giň gerimde özleşdirilýär. Golaýyndaky “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde “Galkynyş” käniniň gorlary 27,4 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar.
2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen hem-de özüne Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý ugry bilen geçýän üç ugurdaş şahany (A,B we С) birleşdirýän Türkmenistan — Hytaý esasy gaz geçirijisi özara bähbitli transmilli hyzmatdaşlygyň öňdebaryjysy bolup durýar. Bu gaz geçirijini ulanmagyň tutuş taryhynda Hytaýa 320 milliard kub metrden gowragy iberildi.
Ýakyn geljekde Türkmenistanyň serhedinden Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gaz ibermek üçin gaz geçirijiniň 4-nji şahasy gurlar.
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem-de Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda pudagyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr.
Plenar mejlisiň barşynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de sanly ulgam arkaly “СNPC” kompaniýasynyň wise-prezidenti we “PetroChina” kompaniýasynyň prezidenti Huang Ýunçžan, Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Gi Lens çykyş etdiler.
Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki döwürde dünýädäki durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýar. Bu möhüm ulgamda özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk uzak möhletli geljek üçin ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir.
Energiýa serişdelerini öndürmek hem-de olary ibermek we elbetde, sarp etmek ulgamlaryny öz içine alýan ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Hut şeýle toplumlaýyn çemeleşme Bitarap Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasyny düzýär.
Bu syýasat ýurdumyzyň bu ulgamdaky başlangyçlarynyň hem-de iş ýüzündäki hereketleriniň mazmunyny we ugurlaryny kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda döwletimiziň döredijilikli teklipleriniň ähmiýetine üns berildi. Şol teklipler dünýä bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp boldy, BMG-niň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyndaky ýörite Kararnamalary bilen berkidildi.
Soňra forumyň işi “EKSPO — 2020” bütindünýä sergisinden (Dubaý, BAE) teleköpri arkaly alnyp görkeziliş bilen dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde Aşgabat bilen “Sebitdäki energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny” atly mejlis guraldy. Mejlisiň dowamynda milli nebitgaz pudagynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň “Dragon Oil”, “Fluхys», «Gaffney Сline” kompaniýalarynyň, Dubaý Elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi edarasynyň (DEWA) ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri çykyş etdiler.
Çykyşlaryň biri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna bagyşlandy. Bu gaz geçiriji Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimleriň biridir. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Bu waka mynasybetli dabara taslama gatnaşyjy dört ýurduň döwlet Baştutanlary we hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çarşenbe güni Halkara forum öz işini dowam etdi. “Galkynyş” gaz käninden öz gözbaşyny alýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitdäki möhüm durmuş meselelerini çözmek bilen bir hatarda, sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, olaryň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açar hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, bu giň möçberli taslama Aziýa ösüş bankynyň hem gatnaşýandygy we hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi nygtaldy.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.