GAZ GÖTERIŞ USULY NEBITIŇ ÇYKARYLYŞYNY ARTDYRMAGA MÜMKINÇILIK BERÝÄR

GAZ GÖTERIŞ USULY NEBITIŇ
ÇYKARYLYŞYNY ARTDYRMAGA
MÜMKINÇILIK BERÝÄR

«Türkmennebit» döwlet konserni milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz toplumynyň düzüminde özüne mynasyp orny eýeleýär. Konserniň kärhanalarynda ylmyň soňky gazananlaryna we dünýä tejribesine daýanyp, giň gerimli işleri amala aşyrmaga ähli mümkinçilikleri bolan alymlar, geologlar we önümçilik inženerleri tarapyndan uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça işlenip düzülen meýilnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Nebitdir gazyň çykarylyşyny artdyrmak bolsa, önümçilige dünýäde ykrar edilen häzirki zaman tehnologiýalaryny we enjamlaryny ornaşdyrmak bilen berk baglanyşyklydyr.

Soňky ýyllarda önümçilige giňden ornaşdyrylýan gaz göteriş usuly guýulardan nebit çykarmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ak pata bermeginde işe girizilen «Goturdepe» gaz gysyjy desgasy hem geçen ýyllaryň içinde gaz göteriş usulynyň möhüm ähmiýete eýediginiň ykrarnamasyna öwrüldi. Bu kuwwatly desga Goturdepe baýlyklar mesgenindäki nebitli guýularyň ýüzlerçesini gaz göteriş usulyna geçirmäge mümkinçilik berdi. Olardan häzirki döwürde her gije-gündiziň dowamynda alynýan «gara altynyň» möçberi müňlerçe tonna ýetýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993