Mergen Muhammedow “Türkmengaz” döwlet konserniniň Geologiýa we gaz ýataklaryny işläp geçmek müdirliginiň baş hünärmeni
14:55 01.04.2022 7439
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maslahatyna gatnaşyjylar okyjylarymyza forumda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler barada gürrüň berdiler.
Mergen Muhammedow “Türkmengaz” döwlet konserniniň Geologiýa we gaz ýataklaryny işläp geçmek müdirliginiň baş hünärmeni:
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hem-de ählumumy meseleleri çözmäge ýardam edýän milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň ýängyç-energetika toplumynyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz tebigy serişdelerimizi diňe türkmen halkynyň bähbidine däl-de, eýsem tutuş adamzadyň abadançylygynyň we röwşen geljeginiň hatyrasyna ulanýarys.
Elbetde, halkara maýagoýum onlaýn-forumy pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak we maýalary çekmek boýunça ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek üçin uly mümkinçilikleri açýan ýylyň möhüm wakasyna öwrüldi.
OGT-2022-niň ýylyň iri pudaklaýyn çäresine öwrülip, döwrebap tehnologiýalary işjeň ulanmak, giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, ýurdumyzyň we daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edendigini bellemek gerek.
Maslahatyň oňa gatnaşyjylar üçin gyzykly we netijeli bolandygyna ynanýaryn. Biz bu ýerde energetika howpsuzlygynyň dürli ugurlaryna degişli bolan çykyşlary diňledik.
Nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna bagyşlanan mejlisleriň dowamynda biz daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň maksatnamasy, pudaklaýyn hyzmatlaryň görnüşleri, Türkmenistanda “ýaşyl” energetikany ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdyk.
Energiýa serişdelerini öndürmek, şeýle hem olary ibermek hem-de sarp etmek ýaly ugurlary gurşap alýan ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde bitarap Türkmenistanyň energetika syýasatyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmen döwletiniň döredijilikli teklipleriniň ähmiýetine aýratyn orun berildi, olar dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolup, ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda BMG-niň kabul eden ýörite Rezolyusiýalary bilen berkidildi.
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýandygyny, onuň bolsa, sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri bilen berk bagly bolup durýandygyny bellmek gerek.
Öňde bize uly işler garaşýar, olaryň netijeleriniň OGT-2022 halkara forumynyň jemleri bilen goldanjakdygyna ynanýaryn.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.