TEBIGY GAZDAN NETIJELI PEÝDALANYLÝAR

TEBIGY GAZDAN NETIJELI PEÝDALANYLÝAR

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Göroglyetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda, ilat tarapyndan gymmatly «mawy ýangyjyň» aýawly ulanylmagy ugrunda hem netijeli işleri alyp barýarlar.

Etrapda ilatyň tebigy gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksadynda öňden hereket edýän gaz desgalarynyň durkuny üýtgetmek, zerur bolan ýerlerini düýpli abatlap, geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak ugrunda hem uly göwrümli işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek bolar. Bu ugurda edaranyň gazçylarynyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň işçi-hünärmenleri bilen bilelikde geçen ýylyň dowamynda etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň Ýaňy ýap, H.Myradow geňeşliginiň Aýlak ýap obalarynda, şeýle hem etrap merkezinde alyp baran düýpli abatlaýyş işleri netijesinde gaz ulgamlarynyň geçirijilik mümkinçiligi has-da artyp, ilatyň ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyçdan» bökdençsiz peýdalanmagyna uly şertler döredildi. Bular barada «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy, tejribeli ussa Soltanmyrat Soltyýew bilen iş üstünde gürrüňdeş bolanymyzda, edaranyň gazçylarynyň üstümizdäki ýylyň fewral aýynyň işlerini hem netijeli jemländiklerine göz ýetirdik.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993