Daşoguz welaýatynda gaz bilen üpjünçiligiň gerimi artýar
23:39 05.04.2022 5191
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gaz hojalyk kärhanasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýyl üçin goýlan meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirýärler. Ýanwar-fewral aýlarynda kärhananyň işçileri uzynlygy 550 km töweregi bolan dürli basyşly bitewi gaz ulgamynyň, şeýle hem 444 sany gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalaryň durnukly işini ýola goýdular. Netijede döwür üçin bellenilen meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi.
Kärhananyň ýanynda gaz enjamlarynyň we torlarynyň näsazlyklaryna gözegçilik etmek we aradan aýyrmak boýunça gulluk hereket edýär. Ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler tarapyndan gazyň we beýleki enjamlaryň hasabyny ýöretmek boýunça tehniki gözegçilik amala aşyrylýar.
Belläp geçsek, geçen ýylda gullugyň hünärmenleri tarapyndan «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Daşoguz welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri bilen bilelikde gaz geçirijileriniň geçirijilik ukybyny artdyrmak we gaz desgalaryny abatlamak boýunça birnäçe işler amala aşyryldy.
Zerur bolan uçastoklarda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi, şeýle hem täze gurlan desgalar gaz bilen üpjün edildi. Bu işleriň netijeli durmuşa geçirilmegi netijesinde Daşoguzyň «Nowruz», «Suwçy», «Merkez-1» ýaşaýyş toplumlary ýylyň islendik wagtynda «mawy ýangyçdan» bökdençsiz peýdalanmaga mümkinçilik aldylar.
Şeýle hem Daşoguzyň «Gülistan» diýen ýerinde ilatyň gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen uzynlygy 8 müň 268 metr bolan orta basyşly gaz geçirijisi gaýtadan çekildi.
Häzirki wagtda gazçylar ýakynda oturdylan 20 töweregi gaz sazlaýjy we gaz paýlaýjy desgalarda anyklaýyş işlerini geçirýärler, şeýle hem gaz torlaryndaky beton diregleri çalyşýarlar.
Bilermen Türkmenistanda kükürt önümçiliginiň we eksportynyň geljegi barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň gazhimiýa pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem kükürt önümçiligi we eksportydyr. Russiýadan, Şweýsariýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan kompaniýalarda bu önüme bolan isleg artýar diýip, tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasow hasaplaýar. Bu barada ol CentralAsia.news neşirine beren interwýusynda belleýär.
Nebitgazylmytaslama YBI-niň alymlary uglewodorodlaryň çykarylyşyny kämilleşdirmek üçin oýlap tapyşlaryny ornaşdyrdylar
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Nebitgazylmytaslama ylmy-taslama barlag institutynyň alymlary plast suwlaryny arassalamak boýunça işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrdylar.
Arkadag we Aşgabat şäherlerini elektrikli otly birleşdirer
“Akylly” şäher Arkadagy we ýurdumyzyň paýtagtyny Türkmenistanda hereket etjek ilkinji elektrikli otly birleşdirer. Otly bu aralygy bary-ýogy 18 minutda geçer.
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça maslahat geçirdi
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatynda türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy.